Ýazyjyly ýatlamalar

5 Iýun 2024
145

Ömür menzilimde ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň birnäçesi bilen didarlaşmak, söhbetdeş bolmak, olaryň gyzykly gürrüňlerini diňlemek miýesser etdi. Şeýle pursatlar hiç wagt ýatdan çykmaýan eken. Olaryň ýadygärlik ýazgy ýazyp beren kitaplaryny bolsa gymmatbahaly sowgat hökmünde aýap saklaýaryn.
*  *  *
1982-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça mugallymlaryň iki hepdelik okuwy guraldy. Şol okuwyň ýolbaşçysy Gözel Rahmanowa okuwa gelen bilim işgärleri bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Kerim Gurbannepesowyň duşuşygynyň boljakdygyny mälim etdi. Bellenen güni şahyr duşuşyga geldi. Kerim aga bilen alşylan sorag-jogap has-da gyzykly boldy. Şonda mugallymlaryň biri şahyra şeýle sowal berdi:

— Kerim aga, siziň «Ýazmasy agyr düşen goşgy» diýen örän meşhur eseriňiz bar. Şondaky beýan edilýän waka, hakykatdanam, durmuşda bolan wakamy ýa döredijilik toslamasymy?

Gurbanmämmet Söýünjow,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar