Magtymgulynyň şygryýetinde paýhas akymy

5 Iýun 2024
169

Şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen diliniň, milli edebiýatymyzyň ruhy baýlyklaryny özünde jemleýär. Halkymyz beýik akyldarymyzyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär.

oglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda akyldar şahyrymyzyň ömri-döredijiligini has çuňňur öwrenmek we dabaralandyrmak maksady bilen ata Watanymyzda we daşary ýurtlarda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly atamyzyň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen gymmatly eserleriniň many-maňyz aýratynlygy seljerilýär. Şol aýratynlyklaryň hatarynda şahyryň şygyrlarynda edebi usullaryň biri hökmünde psihologizmi ulanandygy bellenilmäge mynasypdyr.

Maýa KAKALYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar