"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Geçmişden geljegiň şäherine

Dünýä siwilizasiýanyň ösüşine mynasyp goşant goşan Gadymy Nusaý, Merw, Köneürgenç, Änew, Altyndepe, Goňurdepe, Amul, Sarahs, Abiwerd, Zemm, Dehistan, Şähryslam ýaly gadymy şäherlerimiz türkmen taryhyna, medeniýetine, galyberse-de, dünýä ösüşine önjeýli goşant goşan taryhy ýerlerdir. Dogrusy, ynsan eli bilen bina edilen bu özboluşly taryhy ymaratlary taryplamakdan dil ejiz gelýär. Bu ajaýyp dag eteginde «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna doly laýyk gelýän, «ýaşyl» tehnologiýalara we iň täze innowasion çözgütleri boýunça gurlan Arkadag şäheri babatda hem şeýledir. Ýagty geljegiň buşlukçysy bolup şöhle saçýan şäher binalarynyň göze gelüwli keşbi ýurdumyzyň ýokary depginli ösüşleri barada söz açýar, gözüňi dokundyrýar. Şäher ata Watanymyzyň jigeri, milletimiziň mähir ojagy, türkmeniň sarsmaz kalbynyň hoş owazly aýdymydyr. Zemine ýaraşyk çaýýan ajaýyp zynaty bilen sazlaşykly ýaňlanýan ol owaz ýaşaýşyň bagt senasy bolup dünýäni haýrana goýýar. Bäş müň ýyldan gowrak taryha eýe bolan bu gojaman topragyň merdana halky gurmak, döretmek, bina galdyrmak diýen düşünjä mukaddeslik hökmünde garapdyr. Eýsem, owalbaşdan taryhyň sahypalarynda yz galdyryp, Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň tutuş çäginde diýen ýaly

Änew — şanly taryhymyzyň täze sahypasynda

Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda Änew, Jeýtun, Marguş, Kelteminar medeniýetleri ýaly taryhyň şöhratly sahypalarynda uly orun alan milli medeni galkynyşlary bilen umumadamzat siwilizasiýasynyň, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Bu hakykaty häzirki wagtda bütin dünýä ykrar edýär. Göksüýri depesinden Gyzylarbada çenli ägirt uly giňişligi öz içine alýan Änew medeniýeti barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňişleýin bellenip geçilýär. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) mejlisinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek barada türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary uly goldawa eýe boldy. Halkara derejedäki şeýle syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleri has-da dabaralandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda giň gerime

Sungata öwrülen senet

Meýliňde öwrenmek bar bolsa, durmuş durşuna sapak. Ömrüň her güni, her möwsümi bizi, gör, näçe hyýala atarýar, öňümizde näçe ýollary goýýar. Ýakyny-daşy bar, aňsady-kyny bar, könesi-täzesi bar, garaz, özüňe makulyny, ýagny agtarýanyňa ýetirjegini saýlamaly. Dogry saýlap bilenleriň dünýäsi bir başgadyr. Tagtabazar etrabynda ýaşaýan Döwlet Seýitjanow bilen tanyşmak we onuň saýlap alan täsin kesbine hyzmaty barada ýazmak pikiri mende irräk döräpdi. Aýdym-saz sungatyna ýakyn, bagşy-sazandalaryň ençemesi bilen dostana gatnaşykda bolamsoň, kitaphanamda audio-wideo ýazgylaryň uly toplumy bar. Soňky 30 ýyldan gowrak wagt bäri, Pendi ilinden gowuşýan bagşyly ýazgylaryň aglabasynyň başynda okalýan seneden başga üýtgewsiz bir ýazgy bar: «Ýazgy Tagtabazar şäherçesinde ýaşaýan Döwlet Seýitjanowlaryň döwletli ojagynda ýerine ýetirildi. Diňläň, lezzet alyň, eziz ildeşler!».

Belent ynama ygrarlylyk

Magtymgulynyň keşbini döreden nakgaş

Magtymguly Pyragy diýlende, ilki bilen, mekdep partasynda oturyp okan okuw kitaplarynyň sahabynda ýerleşdirilen ýa-da bolmasa diwaryň görnükli ýerinde asylgy duran suraty göz öňüne gelýär. Ine, bu suraty çekip, häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini adamzadyň aňyna siňdiren nakgaş Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew barada kelam agyz ýazmagy makul bildik. 1924-nji ýylda dünýä inen Aýhan Hajyýew çagalykdan sungata höwesli bolýar. Aýratynam, surat çekmäge bolan ukyby has-da öňe çykýar. El işlerinden keşde çekmäge ökde bolan ejesi oglanjygyň bu ugurdaky zehinini ösdürmekde tagallalaryny gaýgyrmaýar. Onuň kakasynyň biwagt aradan çykmagy maşgalany köp kynçylyklara sezewar edýär. Mugallymçylyk we terjimeçilik bilen meşgullanýan daýysy ýaşajyk Aýhan bilen onuň doganyna hemmetaraplaýyn hemaýat berýärdi. Olara wagtal-wagtal Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okap berýär eken. Zehinli çagalaryň ýat tutan goşgularyny höwes bilen diňlär eken.

Türk­men ala­ba­ýy — çem­pi­on

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Türk­men hal­ky­nyň mil­li mi­ra­sy bu gün­ki gün dün­ýä iç­re da­ba­ra­lan­ýar. Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň bi­ri bo­lan türk­men ala­ba­ýy özü­niň aras­sa gan­ly­ly­gy­ny, owa­dan­ly­gy­ny, düş­bü­li­gi­ni, üns­lü­li­gi­ni ýer ýü­zün­de yk­rar et­dir­ýär. Mu­ny 2024-nji ýy­lyň 15 — 17-nji ýan­wa­ryn­da Ka­zan şä­he­rin­de «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Rus­si­ýa­nyň Ki­no­lo­gi­ýa fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň çem­pio­na­ty hem tu­tuş aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­di. On­da ýe­ňi­ji­ler aras­sa gan­ly­lyk, owa­dan­lyk, buý­ru­gy ber­jaý et­mek uky­by we beý­le­ki hä­si­ýet­na­ma­lar bo­ýun­ça saý­la­nyl­dy. «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça çem­pio­na­ta tu­tuş Rus­si­ýa bo­ýun­ça 200-e go­laý it gat­naş­dy. Ne­ti­je­de, 2021-nji ýyl­da hor­matly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­no­wa sow­gat ber­len Ak­dost (Ak­dus) at­ly türk­men ala­ba­ýy «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» di­ýen ýa­ryş­da iki ugur bo­

Şan­ly to­ýuň gut­ly bol­sun Py­ra­gy!

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Akyl­da­rym, söz­leň mer­je­ni sen­de, Şy­gyr­lar­ňa älem haý­ran Py­ra­gy,Geç­miş­den şu gü­ne gel­jek ha­kyn­da,Eser­le­riň bu ­gün dün­ýäň çy­ra­gy,

Ak öý­le­riň ke­çe­le­ri

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Dynç alyş­da ma­mam­la­ra gez­mä­ge bar­dym. Şon­da daý­zam ma­ma­myň ga­ýyn ene­sin­den mi­ras ga­lan di­ýip, tä­sin bir ke­çä­ni gör­kez­di. Ke­çe di­ýip, ol do­ly ke­çe däl­di. Tüý­dü­lip ha­lys kö­ne­len­soň, onuň or­ta­syn­dan deň ýa­ry ke­si­lip aý­ry­lyp­dyr. Tä­sin diý­ýä­nim, ol ada­ty ke­çe­ler ýa­ly dört gy­ran däl­di. Bir bur­çy ke­si­len te­ge­lek şe­ki­lin­de ýa­rym aý­law gör­nü­şin­de­di. Öýe ge­lem­soň, bu tä­sin ke­çe ba­ra­da ka­ka­myň ýa­nyn­da gür­rüň edem­de, ka­kam onuň se­bä­bi­ni dü­şün­dir­di.

Müňýyllyklaryň edebi mirasy

Golaýda ýurdumyzda geçirilen «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy» atly türkmen hem-de eýran alymlarynyň ylmy maslahaty netijeli häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda iki doganlyk halkyň ylym wekilleri orta asyr Gündogar edebiýatynda, sopuçylyk ylmynda görnükli orun eýelän Mäne babanyň ömrüne we döredijiligine, ýaşan döwründäki syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna ýetiren täsirine degişli täze maglumatlar, ylmy işler boýunça pikir alyşdylar, tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar keramatly piriň guburynyň üstünde bina edilen kümmete zyýarat edip, orta asyr binagärlik toplumynyň gurluş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Kaka etrabynyň medeniýet öýünde dowam eden maslahatda çykyş edenler aryf şahyryň eserlerinde beýan edilýän gymmatly pikirleriň many-mazmuny we onuň aramgähiniň çäginde ýüze çykarylan tapyndylar bilen baglanyşykly ylmy täzelikleri halk köpçüligine ýetirdiler. Khodaýar Ebrahim MOHAMMADESMAEIL,

Şöhratly geçmişiň, röwşen geljegiň mekany

Gadymy Änew şäheriniň baý taryhy bolup, ol tutuş sebitde ilkinji oturymly ekerançylyk ojagynyň — Jeýtun medeniýetiniň mirasdüşeridir. Dünýä taryhynda Änew medeniýetiniň ady ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekany hökmünde şöhratlanýar. Bu ýerde 120 ýyl ozal amerikan geology Rafael Pampelliniň hem-de nemes arheology Hubert Şmidtiň ýolbaşçylygynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, altyn başly ak bugdaýyň iň gadymy nusgalarynyň galyndylary ýüze çykaryldy. Ak bugdaýyň iň gadymy nusgasyny döretmek üçin ýabany ösýän bugdaý däneleri ýygnalyp, tekizlenen ekin meýdanlaryna sepilipdir hem-de yzygiderli suwarmak arkaly ýetişdirilipdir. Munuň özi bugdaýyň iki garynjykly, dokdäne bolup ýetişmegine, şol bir wagtda-da, onuň ununyň reňkiniň has ak bolmagyna getiripdir. Ylmy gözlegler änewli daýhanlaryň bugdaýy suwarmagyň iň gadymy görnüşleriniň birini, ylymda atlandyrylyşy ýaly, «liman» — ýokardan aşak ýapgytlaýyn suwaryş usulyny ulanandyklaryny tassyklady. Änew şäheriniň ilaty hem-de ekerançylyk ýerleri Kelteçynar atly derýanyň suwy bilen üpjün edilipdir. Günorta we demirgazyk arheologiýa depeleri hem-de häzirki wagta çenli saklanyp galan orta asyr şäheriniň galyndylary bolan Seýit Jemaleddin metjidi hut Köpetdagdan gözbaş alýan şol gadymy derýan

Milli gymmatlyklar göwher mysaly

Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «...biziň milli mukaddesliklerimiz we gymmatlyklarymyz, balykgulakda ýer edinen göwher mysaly, halk hakydasynyň gatlaklarynda saklanyp galypdyr» diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly nygtaýşy ýaly, olar halk hakydasynyň gatlaklaryndan durmuşymyza nur çaýyp, millet hökmündäki özboluşly aýratynlygymyzy äleme äşgär edýärler. Şolar bilen dünýäde millet hökmünde ykrar edilendigimiz kanunalaýyklykdyr. Olaryň näderejede kämildigini, nepisdigini, sowatlylygyň, ylymlylygyň, ussatlygyň miwesidigini, gözelligiň belent derejesiniň alamatlarydygyny dünýä ykrar edýär. Munuň şeýledigine Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar nobatdaky subutnamadyr. Mälim bolşy ýaly, 20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy, Hanbeg atly bedewi bilen gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Akyldaryň şahyrana dünýäsi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwletli işleri il-ulsumyzyň eşretli geljegine, bagtyýar şu gününe gönükdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki beýik özgerişleriň agzybir halkyň halal zähmetinden gözbaş alýandygy kalbyňy buýsanja besleýär. Türkmen halkynyň buýsanarlyk taryhy bar. Şonuň bilen birlikde, şeýle şan-şöhratly taryhyň döremegine sebäp bolan beýik şahsyýetleri-de az däl. Nusgawy edebiýatymyzyň şygyr hazynasyna, dünýä edebiýatyna, onuň miras baýlygyna özleriniň özboluşly, milli we halky häsiýetli döredijilikleri bilen mynasyp goşant goşan şahsyýetlerimiz munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň, ýagny 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana setirlerine salgylanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň özi-de Watanyň ykbaly hakynda çyn ýürekden yhlas eden türkmen halkynyň watançy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanandyr. Magtymguly Pyragy — bu bir özboluşly dünýä. Oňa düşünmek üçin şahyryň ruhy dünýäsine özi bolup aralaşmaly. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ХVIII asyr türkmen halky üçin iň

Söz manysyn aňar bolsaň...

Türkmen halky söze uly sarpa goýýan, adamyň agramyny sözleýän sözüne garap, ölçemegi başarýan halk. Çünki söz — gudrat, ýaşaýyş, ömür. Söz adama umyt berýär, ganat berýär. Ata-babalarymyz gysga sözüň üsti bilen çuň manyly jümleleri aňlatmagy başarypdyrlar. Käte olaryň manysyna soň düşünip, kelläňi ýaýkanyňy duýman galýarsyň. Sözüň güýjüne parh goýmasa, köneler «Altyn alma, alkyş al» diýmezdiler ahyryn. Köplenç, ýaşulular bilen hal-ahwal soraşylanda: «Bir mydar bar» diýip jogap berýändirler. «Mydar» sözi ýeriň öz okunyň daşyndan çalajadan, ýuwaşlyk bilen aýlanyp durmagyny aňladýar. Bu söze Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem duş gelinýär. Emma onuň güzeran aýlamak manysynda gelýän ýerleri-de bar. Diýmek, garrylaryň ýagdaýy hem ýeriň birsydyrgyn hereketi ýaly, «şol bir mydar, günüm çalajadan şol öňküsi ýaly aýlanyp dur» diýmegi aňladýan bolmaly.

«Ykrar türkmen alabaýy»

Türkmen alabaýy örän wepaly it bolup, öz çäginiň goragçysydyr. Bu itler Türkmenistanyň gadymy oturymly ýerlerinde mesgen tutupdyrlar. Alymlar alabaýlaryň toýundan şekiljiklerini diňe gadymy obalarda däl-de, eýsem, antik eýýamyň we orta asyrlaryň uly şäherleriniň ýerleşýän ýerlerinde hem ýüze çykarypdyrlar. Mary welaýatyndaky Gäwürgala harabalygynda ýüze çykarylan tapyndylar biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlaryna degişlidir. Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda geçirilen arheologik barlaglarda tapylan ritonlaryň ýüzünde hem alabaýyň şekilini görmek bolýar.

Seýisçilik sungaty

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň säher bilen Arkadag şäherindäki täze athana toplumyna gelip, Hanbeg atly bedew bilen gezelenç etmegi Milli Liderimiziň milli mirasymyz bolan bedewlerimiziň şanyny has-da dabaralandyrdy. Halkymyzyň taryhynda seýisçiligiň özboluşly medeniýetiniň bardygyna hiç hili şek-şübhe ýok. Muňa ahalteke atlary bilen bagly häzirki wagtda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler hem subutnama bolup biler. Ýyndam, katdy-kamatly, owadan atlary ýetişdiren halkyň seýisçiliginiň näderejededigine göz ýetirmek bolsa juda bir kyn däl. Geçmişde ata-babalarymyzyň aty ýogy, seýisçilik etmedigi bolmandyr. Beýle diýilse-de, seýis bolmaklyk her bir adama başartmandyr. Sebäbi seýisçilik, irginsiz, at diýip jany-teni bilen ýapyşyp ýatan, ýele ýelken, Güne galkan bolup bilýän adamlaryň kesp-käri bolupdyr.

Gowurdak

Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparynda bolan wagty Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna baryp gördi. Milli Liderimiz öri meýdanynda kärendeçi çopan bilen duşuşanda, çöregiň mukaddes bolşy ýaly, çarwalaryň gowurdagy hem mukaddes saýýandygyny aýtdy. Goýun etinden taýýarlanýan, uzak wagta durumly, öz tagamyny ýitirmeýän, tagamlylyk babatda at alan gowurdak geçmişde türkmen halkynyň esasy azyk önümleriniň biri hasaplanypdyr. Gowurdak, adatça, güýz gyrkymy sowlandan soň, eti has süýji hasap edilýän öweç ýa-da maň goýnuň etinden taýýarlanylypdyr. Sebäbi şol günler agyla atylan goýunlar gowy ideg edilende, iki aýyň içinde barjak derejesine baryp, güýzüň ahyrlarynda huruşlyk edilipdir. Öweç ýa-da maň goýnuň eti iň bir naýbaşy et hasaplanyp, işdä ýakynlygy, siňňitliligi, ýadyňdan çykmaýan tagamy üçin oňa gadyr goýlupdyr. Gowurdak taýýarlamak üçin goýun etini we ýagyny geregiçe dogramçalara bölüp dogralýar. Ilki bilen, gazana iki şakäse möçberinde suw guýlup, sähelçe çigräp başlan suwuň üstüne bolsa, dogralan ýagy atyp, oduny güýçlendirilýär. Gazandaky erän ýag jigirdek görnüşine ýeten pursady, ondan biraz bölegini alynýar. Galan ýagyň üstüne bolsa gowurdak üçin taýýarlanan eti atylýa

Kämil nusga

Türkmen halkynyň durmuşyny milli däp-dessursyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Halkymyzda maşgala mukaddes hasaplanypdyr we onuň her bir agzasy, bar bolan ynançlaryň esasynda, dürli usullar ulanylyp, gözden-dilden, bet niýetlerden goralypdyr. Munuň üçin geýimler dürli bezeg serişdeleri bilen örtüler ekeni. Milli geýimleri bezemek üçin oňa oturdylan nagyşlaryň, alajalaryň we şaý-sepleriň gözden-dilden goraýjylyk häsiýetleri bolupdyr. Alaja nagşyna türkmenleriň bezeg we amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşlerinde diýen ýaly duş gelmek bolýar. Marguş we Göksüýri taryhy ýadygärliklerinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan käbir gadymy küýzelerde «alaja» nagşyna gabat gelinýär. Türkmenler eşiklere, şaý-seplere, öý haýwanlaryna, bedew atlara, ulag serişdelerine, gapylara, halylara, hususan-da, boýna we goşara dakylan alajanyň gorag güýjüne ynanýarlar. Mysal üçin, durmuş toýuny tutýanlaryň ulaglaryny dürli ölçeglerde örülen alajadan ýasalan tor bilen örtýärler, aýal-gyzlar kümüş şaý-sepleri ak-gara ýüplüklerden örülen alajadan asýarlar. Ýeri gelende aýtsak, alaja birnäçe görnüşde bolup, dürli reňklere boýalan düýe ýüňünden, pagta, ýüpek, sintetik ýüplüklerden örülýär. Bu alajalary, ýaşyna garamazdan, ildeşlerimiz dürli

«Aklygy ýüze sylsaň, alnyň açylar...»

Asyrlaryň dowamynda dürli yrymlar türkmen durmuşyna ornaşyp, halkymyzyň edep kadasy hökmünde arkama-arka dowam edip gelipdir. Şeýle yrymlaryň biri ýagşy zady ýüze sylmak edebidir. Ýüze sylmak edebiniň düýp esasynda halkymyzyň isleg-arzuwy, gowulygyň özüne ýaran bolmagynyň dilegi jemlenipdir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmençilikde ýedi sany zady — täze dogan Güni, täze dogan Aýy, täze dünýä inen çagany, täze gelni, halal gazanylan gazanjy-serpaýy, tamdyrdan çykan çöregi, toýda berlen ýaglyk-paýy hem-de keramatly kitaplary ýüze sylmagyň parz hasap edilýändigini belleýär. Halkymyzyň ýüze sylmak edebi hakynda pikir gozgalanda, gadymy döwürden galan bir waka küýüňde janlanýar.

Döwürýanly ýorganyň taýýarlanylyşy

Gerekli zatlar:

Döwürýansyz ýorganyň taýýarlanylyşy

Gerekli zatlar: