Şöhratly geçmişiň, röwşen geljegiň mekany

25 Ýanwar 2024
463

Gadymy Änew şäheriniň baý taryhy bolup, ol tutuş sebitde ilkinji oturymly ekerançylyk ojagynyň — Jeýtun medeniýetiniň mirasdüşeridir. Dünýä taryhynda Änew medeniýetiniň ady ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekany hökmünde şöhratlanýar. Bu ýerde 120 ýyl ozal amerikan geology Rafael Pampelliniň hem-de nemes arheology Hubert Şmidtiň ýolbaşçylygynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, altyn başly ak bugdaýyň iň gadymy nusgalarynyň galyndylary ýüze çykaryldy. Ak bugdaýyň iň gadymy nusgasyny döretmek üçin ýabany ösýän bugdaý däneleri ýygnalyp, tekizlenen ekin meýdanlaryna sepilipdir hem-de yzygiderli suwarmak arkaly ýetişdirilipdir. Munuň özi bugdaýyň iki garynjykly, dokdäne bolup ýetişmegine, şol bir wagtda-da, onuň ununyň reňkiniň has ak bolmagyna getiripdir. Ylmy gözlegler änewli daýhanlaryň bugdaýy suwarmagyň iň gadymy görnüşleriniň birini, ylymda atlandyrylyşy ýaly, «liman» — ýokardan aşak ýapgytlaýyn suwaryş usulyny ulanandyklaryny tassyklady. Änew şäheriniň ilaty hem-de ekerançylyk ýerleri Kelteçynar atly derýanyň suwy bilen üpjün edilipdir. Günorta we demirgazyk arheologiýa depeleri hem-de häzirki wagta çenli saklanyp galan orta asyr şäheriniň galyndylary bolan Seýit Jemaleddin metjidi hut Köpetdagdan gözbaş alýan şol gadymy derýanyň kenarynda döräpdir. Bu bolsa şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde Änew şäheriniň rysgal-bereketli, bol hasylly ekinzarlyklara beslenip gelendigini subut edýär.

Änewiň demirgazyk derwezelerinden çykan kerwenleriň Abiwerde rowan bolan ýolunyň ugrunda ýerleşen iki sany äpet depeleriniň üstünde pytrap ýatan küýze bölekleriniň tapylmagy bolsa bu ýerde senetçilikde we küýzegärlikde medeni galkynyşyň bolandygyna güwä geçýär. Änewiň arheologik depelerinde geçirilen ylmy gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan ak bugdaýyň gadymy nusgalary hem-de olardan tapylan küýzeleriň bölekleri häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde köpçülige görkezmek üçin sergilendi.

Beýleki habarlar