Akyldaryň şahyrana dünýäsi

25 Ýanwar 2024
435

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwletli işleri il-ulsumyzyň eşretli geljegine, bagtyýar şu gününe gönükdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki beýik özgerişleriň agzybir halkyň halal zähmetinden gözbaş alýandygy kalbyňy buýsanja besleýär. Türkmen halkynyň buýsanarlyk taryhy bar. Şonuň bilen birlikde, şeýle şan-şöhratly taryhyň döremegine sebäp bolan beýik şahsyýetleri-de az däl. Nusgawy edebiýatymyzyň şygyr hazynasyna, dünýä edebiýatyna, onuň miras baýlygyna özleriniň özboluşly, milli we halky häsiýetli döredijilikleri bilen mynasyp goşant goşan şahsyýetlerimiz munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň, ýagny 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana setirlerine salgylanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň özi-de Watanyň ykbaly hakynda çyn ýürekden yhlas eden türkmen halkynyň watançy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanandyr.

Magtymguly Pyragy — bu bir özboluşly dünýä. Oňa düşünmek üçin şahyryň ruhy dünýäsine özi bolup aralaşmaly. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ХVIII asyr türkmen halky üçin iň kyn döwürleriň biri boldy. Şol döwürde türkmen edebiýatynda we medeniýetinde düýpli özgerişlik bolup, beýik akyldaryň döredijiliginde öňki döwürdäkä meňzemeýän täze ugur peýda boldy. Esasan hem onuň goşgularynda watançylyk, dost-doganlyk duýgusy has ösdi we güýçlendi. Magtymgulynyň şygryýeti joşgunly hyjuwy taýdan-da, iň ýokary derejedäki milli watançylyk duýgusy meselesinde-de, önüp-ösen ýurdunyň tarypy hem-de ýaşan döwrüni umumylaşdyrmak babatda-da hakykatyň şygryýetidir. Şonuň üçin hem ol özüniň dünýä poeziýasynyň hakyky göwheri bolan ajaýyp eserlerinde halky birlige, azatlyk we özbaşdaklyk ugrundaky göreşe, ýagty geljege hyjuwly çagyrypdyr. Şahyryň çuň mazmuna ýugrulan goşgulary türkmen halkynyň ruhy-ahlak arassalygyna oňyn täsir edýär.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.
Beýleki habarlar