Gowurdak

25 Ýanwar 2024
427

Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparynda bolan wagty Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna baryp gördi. Milli Liderimiz öri meýdanynda kärendeçi çopan bilen duşuşanda, çöregiň mukaddes bolşy ýaly, çarwalaryň gowurdagy hem mukaddes saýýandygyny aýtdy.

Goýun etinden taýýarlanýan, uzak wagta durumly, öz tagamyny ýitirmeýän, tagamlylyk babatda at alan gowurdak geçmişde türkmen halkynyň esasy azyk önümleriniň biri hasaplanypdyr. Gowurdak, adatça, güýz gyrkymy sowlandan soň, eti has süýji hasap edilýän öweç ýa-da maň goýnuň etinden taýýarlanylypdyr. Sebäbi şol günler agyla atylan goýunlar gowy ideg edilende, iki aýyň içinde barjak derejesine baryp, güýzüň ahyrlarynda huruşlyk edilipdir. Öweç ýa-da maň goýnuň eti iň bir naýbaşy et hasaplanyp, işdä ýakynlygy, siňňitliligi, ýadyňdan çykmaýan tagamy üçin oňa gadyr goýlupdyr. Gowurdak taýýarlamak üçin goýun etini we ýagyny geregiçe dogramçalara bölüp dogralýar. Ilki bilen, gazana iki şakäse möçberinde suw guýlup, sähelçe çigräp başlan suwuň üstüne bolsa, dogralan ýagy atyp, oduny güýçlendirilýär. Gazandaky erän ýag jigirdek görnüşine ýeten pursady, ondan biraz bölegini alynýar. Galan ýagyň üstüne bolsa gowurdak üçin taýýarlanan eti atylýar. Otda endigan gowrulan et belli bir derejä baransoň, şorsuw diýlip atlandyrylýar.

Aýdogdy BAÝRAMGELDIÝEW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar