«Ykrar türkmen alabaýy»

25 Ýanwar 2024
423

Türkmen alabaýy örän wepaly it bolup, öz çäginiň goragçysydyr. Bu itler Türkmenistanyň gadymy oturymly ýerlerinde mesgen tutupdyrlar. Alymlar alabaýlaryň toýundan şekiljiklerini diňe gadymy obalarda däl-de, eýsem, antik eýýamyň we orta asyrlaryň uly şäherleriniň ýerleşýän ýerlerinde hem ýüze çykarypdyrlar.

Mary welaýatyndaky Gäwürgala harabalygynda ýüze çykarylan tapyndylar biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlaryna degişlidir. Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda geçirilen arheologik barlaglarda tapylan ritonlaryň ýüzünde hem alabaýyň şekilini görmek bolýar.

Merdan DOSMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar