Magtymgulynyň keşbini döreden nakgaş

29 Ýanwar 2024
459

Magtymguly Pyragy diýlende, ilki bilen, mekdep partasynda oturyp okan okuw kitaplarynyň sahabynda ýerleşdirilen ýa-da bolmasa diwaryň görnükli ýerinde asylgy duran suraty göz öňüne gelýär. Ine, bu suraty çekip, häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini adamzadyň aňyna siňdiren nakgaş Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew barada kelam agyz ýazmagy makul bildik.

1924-nji ýylda dünýä inen Aýhan Hajyýew çagalykdan sungata höwesli bolýar. Aýratynam, surat çekmäge bolan ukyby has-da öňe çykýar. El işlerinden keşde çekmäge ökde bolan ejesi oglanjygyň bu ugurdaky zehinini ösdürmekde tagallalaryny gaýgyrmaýar. Onuň kakasynyň biwagt aradan çykmagy maşgalany köp kynçylyklara sezewar edýär. Mugallymçylyk we terjimeçilik bilen meşgullanýan daýysy ýaşajyk Aýhan bilen onuň doganyna hemmetaraplaýyn hemaýat berýärdi. Olara wagtal-wagtal Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okap berýär eken. Zehinli çagalaryň ýat tutan goşgularyny höwes bilen diňlär eken.

Hallygözel ŞANAZAROWA,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar