Milli gymmatlyklar göwher mysaly

25 Ýanwar 2024
361

Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «...biziň milli mukaddesliklerimiz we gymmatlyklarymyz, balykgulakda ýer edinen göwher mysaly, halk hakydasynyň gatlaklarynda saklanyp galypdyr» diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly nygtaýşy ýaly, olar halk hakydasynyň gatlaklaryndan durmuşymyza nur çaýyp, millet hökmündäki özboluşly aýratynlygymyzy äleme äşgär edýärler. Şolar bilen dünýäde millet hökmünde ykrar edilendigimiz kanunalaýyklykdyr. Olaryň näderejede kämildigini, nepisdigini, sowatlylygyň, ylymlylygyň, ussatlygyň miwesidigini, gözelligiň belent derejesiniň alamatlarydygyny dünýä ykrar edýär. Munuň şeýledigine Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar nobatdaky subutnamadyr.

Mälim bolşy ýaly, 20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy, Hanbeg atly bedewi bilen gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

«Adalat».
Beýleki habarlar