Änew — şanly taryhymyzyň täze sahypasynda

31 Ýanwar 2024
343

Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda Änew, Jeýtun, Marguş, Kelteminar medeniýetleri ýaly taryhyň şöhratly sahypalarynda uly orun alan milli medeni galkynyşlary bilen umumadamzat siwilizasiýasynyň, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Bu hakykaty häzirki wagtda bütin dünýä ykrar edýär. Göksüýri depesinden Gyzylarbada çenli ägirt uly giňişligi öz içine alýan Änew medeniýeti barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňişleýin bellenip geçilýär. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) mejlisinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek barada türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary uly goldawa eýe boldy.

Halkara derejedäki şeýle syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleri has-da dabaralandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda giň gerime eýe boljak bu çäreleriň mazmunynda gadymy türkmen topragynyň adamzat medeniýetiniň ilkinji taryhy mekanlarynyň biridigi hakyndaky hakykat aýdyň şöhlelener.

Şasenem ORAZOWA,
TKA-nyň Görogly etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar