Sungata öwrülen senet

31 Ýanwar 2024
382

Meýliňde öwrenmek bar bolsa, durmuş durşuna sapak. Ömrüň her güni, her möwsümi bizi, gör, näçe hyýala atarýar, öňümizde näçe ýollary goýýar. Ýakyny-daşy bar, aňsady-kyny bar, könesi-täzesi bar, garaz, özüňe makulyny, ýagny agtarýanyňa ýetirjegini saýlamaly. Dogry saýlap bilenleriň dünýäsi bir başgadyr.

Tagtabazar etrabynda ýaşaýan Döwlet Seýitjanow bilen tanyşmak we onuň saýlap alan täsin kesbine hyzmaty barada ýazmak pikiri mende irräk döräpdi. Aýdym-saz sungatyna ýakyn, bagşy-sazandalaryň ençemesi bilen dostana gatnaşykda bolamsoň, kitaphanamda audio-wideo ýazgylaryň uly toplumy bar. Soňky 30 ýyldan gowrak wagt bäri, Pendi ilinden gowuşýan bagşyly ýazgylaryň aglabasynyň başynda okalýan seneden başga üýtgewsiz bir ýazgy bar: «Ýazgy Tagtabazar şäherçesinde ýaşaýan Döwlet Seýitjanowlaryň döwletli ojagynda ýerine ýetirildi. Diňläň, lezzet alyň, eziz ildeşler!».

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar