"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Durmuşyň gözelligi saglykda

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramaklygyň, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty köpçülikleýin häsiýete eýe etmekligiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigine eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Esasan hem, ýaş nesilleriň sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşup biljek adamlar bolup ýetişmekleri babatda alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň oňyn netijelerini berýändigi guwandyryjydyr. Ähli amatly şert-mümkinçilikleri özünde jemlän döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş we sport toplumlary bu günki gün bagtyýar raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesilleriň höwes bilen barýan hem-de bedenlerini taplaýan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan söýgüli ýerlerine öwrüldi.

Il saglygy — ýurt baýlygy

BAGTYÝARLYGYŇ GIREWI Bedende dürli keselleriň başlanmagyna sebäp bolýan neşekeşlikden, arakhorlukdan we beýleki ýaramaz endiklerden özümizi we çagalarymyzy, ýakynlarymyzy goramaga her birimiz borçludyrys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýar. Neşe söwdasyna baş goşýanlar we ondan ejir çekýänler jemgyýetimiziň durmuşyndan ýok boldy diýsegem boljak. Ýöne şonda-da, biz entek hüşgärligi elden bermeli däldiris.

Gün şöhlesinden goranmak üçin maslahatlar

Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň! Tomus aýlarynda Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýiň!

«Saglygyň gadryny bilgil»

Biziň ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, keseliň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylyp, saglygy goraýyş ulgamy hil we maddy-enjamlaýyn taýdan has-da kämilleşdirilýär. Bu babatda ýurdumyzyň mynasyp bolan halkara güwänamalary Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Sagdyn durmuş bagtyýarlykdyr

Ynsan saglygy baş baýlyk hasaplanýar. Şol baýlygy goramak bolsa adamlaryň özlerine bagly. Şonuň üçin-de aşakdaky kadalary ýerine ýetirmek zerur. Ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Açyk arassa howada gezelenç etmeli. Zyýanly endiklerden daşda durmaly. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň arassa bolmagyny gazanmaly. Öýleriň penjiresini wagtal-wagtal açyp, howasyny çalşyp durmaly. Öýleriň içinde arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly. Özbaşdak derman serişdelerini ulanmakdan saklanmaly, sebäbi olary özbaşdak ulanylanda birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler. Asgyrlanda, üsgürlende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly. Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Bütindünýä welosiped güni — sagdynlygyň, sportuň we dostlugyň baýramy

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Agzybirlik

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Köpçülikleýin welosipedli ýöriş beden, ruhy we ahlak sagdynlygynyň ajaýyp nusgasydyr. Şu jähetden, düýn Bütindünýä welosiped güni mynasybetli döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Zenan saglygynyň aladasynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bagtyýar watandaşlarymyzyň saglygyny goramak boýunça uly işler alnyp barylýar. Elbetde, bu toplumlaýyn işleriň hatarynda zenan saglygyny goramak baradaky alnyp barylýan işleriň aýratyn orny bardyr. Ýaşaýşymyzyň, durmuşymyzyň we ajaýyp döwrümiziň bezegi bolan zenanlarymyzyň saglygyny goramak işleri biziň ýurdumyzdaky saglyk merkezlerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guralýar. Şolaryň hatarynda skrining barlaglaryny hem görkezip bolar. Skrining barlaglary hassahanamyzda hem ýokary guramaçylykly ýagdaýda alnyp barylýar. Germaniýaly hünärmen, ginekolog, sitolog Ýoahima Simermana ýurdumyza amala aşyran iş saparynyň çäginde hassahanamyzda skrining çäreleriniň guralyşy bilen ýakyndan tanşyp, degişli hünärmenleriň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Şeýle-de ol özüniň baý tejribesini lukmanlarymyz bilen paýlaşdy.

Ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­ri gu­ja­gy­ny giň­den aç­ýar

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 To­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ne çyk­dy­lar. Ýur­du­myz­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň okuw ýy­ly­ny ta­mam­lap, to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ni gy­zyk­ly, şa­dy­ýan we peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri ug­run­da uly ala­da­lar edil­ýär. Şu ýyl hem iýun aýy­nyň baş­lan­ma­gy bi­len, be­lent dag­la­ryň jül­ge­sin­de ýer­leş­ýän Gök­de­re­de, dün­ýä meş­hur «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da, şeý­le hem se­bit­le­ri­miz­dä­ki döw­re­bap ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra bes­le­nen to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi baş­lan­dy. Gök­de­re­de, we­la­ýat­lar­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dynç al­ýan ça­ga­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ry baý­ram­çy­lyk nyg­mat­la­ry we şow­hun­ly çä­re­ler bi­len mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy. Türk­men halk er­te­ki­le­ri­niň, ro­wa­ýat­la­ryň gah­ry­man­la­ry­nyň ly­bas­la­ry­ny geý­nen mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly da­ba­ra­ly ýö­ri­şi äh­li sa­gal­dyş

Saglyk — rowaçlygyň binýady

Arkadag sahawaty — haýyr işlere dowamat

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak arkaly mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek, howandarlyga mätäç ýaşajyk raýatlara hemaýat bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy orny eýeleýär. Bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli berjaý etmekde Milli Liderimiziň hut öz başlangyjy boýunça döredilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw-hemaýatlary, şeýle-de Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň alyp barýan ynsanperwer işleri örän ähmiýetlidir. Bu sagaldyş-dikeldiş merkezi çagalarda dürli ýokanç däl keselleriň we şikesleriň ýöriteleşdirilen bejergisinden soňra dikeldiş (reabilitasiýa) çärelerini geçirmek, hossarlyga we howandarlyga mätäç, akyl we beden taýdan ösüşine itergi zerurlygy bolan çagalarda irki ösüş amallaryny geçirmek, şahsy başarnyklaryny ösdürmek, olara saglygy goraýyş kömegini be

Döwrebap lukmançylyk enjamlary gowşuryldy

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar, hassahanalarda, saglyk öýlerinde lukmançylygyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurdaky işlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy-da mynasyp goşant goşýar. Golaýda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna-da Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlarynyň ikisiniň sowgat berilmegi günbatar sebitiň ýaşaýjylaryny örän begendirdi. Täze lukmançylyk enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabara ady agzalan gaznanyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de sebitiň saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary bu çärä aýratyn öwüşgin berdi. Çagalar döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Soňra lukmanlaryň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň h

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

29-njy maýda Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda bu saglyk merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Milli Liderimiziň göreldesi — dünýä nusgalyk (Ýaş žurnalistiň sözi)

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni. Dünýä jemgyýetçiligi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ykrarnamasyna öwrülen bu baýramy indi ýedinji gezek garşylaýar. Iki tigir, pedal, tutawaç, çarçuwa — döredilen gününden bäri üýtgemedik şeýle ýönekeý gurluşly welosiped ýer ýüzündäki millionlarça adam üçin amatly ulag serişdesi boldy. Dynç alyş, bedenterbiýe ýa-da gatnaw üçin bolsun, tapawudy ýok, sadaja dizaýny bilen meşhurlyk gazanan welosiped wagtyň synagyndan üstünlikli geçdi hem-de ol adamzat taryhynda iň giňden ulanylýan we umumy ykrar edilen oýlap tapyşlaryň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligini sagdyn ýaşaýşa çagyrmakdaky, döwletleriň arasynda ekologik abadançylygy wagyz etmekdäki möhüm ädimleri boldy.

Çilimiň zyýany

Çilim çekmek dünýäniň köp döwletlerinde giňden ýaýran zyýanly endikleriň biridir. Çilim ony çekýäniň-de, onuň daş-töweregindäki adamlaryň-da saglygyna uly zyýan ýetirýär. Çilimkeşlik köp adamlaryň agyr kesellemegine we maýyp galmagyna sebäp bolýar. Çilim işdäňi kesýär, iýmit siňmegini kynlaşdyrýar, aşgazanyň, gyzylödegiň we beýleki iýmit siňdiriş agzalarynyň başly ýaralarynyň, howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Çilimkeşleriň arasynda dodagyň, diliň, bogazyň we öýkeniň täze döremeleri, ateroskleroz, miokardyň infarkty has ýygy duşýar. Çilim çekýänleriň arasynda dürli kesellere duçar bolmak howpy ýokarydyr.

Etrap hassahanasyna döwrebap lukmançylyk enjamlary gowşuryldy

Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi mynasybetli geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi. Haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, sebitiň saglygy goraýyş işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary oňa aýratyn bezeg berdi. Döwrebap aýdym-sazlarda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwrüniň, Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  amala aşyrýan il-ýurt bähbitli  beýik işleriniň waspy beýan edildi. Çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Welosiped sürmegiň peýdasy

Welosiped sürmek aýaklarymyzyň myşsalaryny berkitmäge ýardam edýär we çydamlylygyny artdyrýar, ýürek-damar, dem alyş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Beýnidäki we beýleki agzalardaky öýjüklere barýan gany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Şeýlelikde, immunitetiň berkemegine peýda edýär. Welosiped sürmek gan damarlarynyň warikoz keselinden ejir çekýänler üçin hem örän peýdalydyr. Aýaklaryň pedalda hereketde bolmagy damarlarda gan aýlanyşyň tizleşmegine, mikrosirkulýasiýanyň gowulanmagyna, westibulýar apparatyň türgenleşmegine, kiçi çanaklykda gan bilen üpjünçiligiň kadalaşmagyna itergi berýär. Bu erkeklerde köp duşýan adenomanyň öňüni almagyň iň ygtybarly serişdeleriniň biridir.

Sagdynlygyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmakda ähmiýetli işler alnyp barylýar.  Şunda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy»  raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn jemgyýetimizi mundan beýläk-de berkitmäge oňyn täsirini ýetirýär. Ilatymyza temmäkiniň zyýanly täsirlerini düşündirmek maksady bilen, lukman maslahatlarymyzy hödürleýäris.

Sagdyn durmuşyň sakasy

Halkymyz ir döwürlerden bäri temmäki, çilim ýaly ýaramaz endiklerden daşda durup, oňa ýykgyn edenleri-de berk ýazgarypdyr. Ajaýyp döwrümizde nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamyň saglygyna zyýan ýetirýän çilimkeşlige garşy göreşmek maksady bilen, ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar, bu ugurda kanunçylyk kämilleşdirilýär. Kabul edilýän döwrebap kanunlar çilimiň we beýleki ýaramaz endikleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegi, temmäkä garşy göreşmegi, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmagy we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmagy maksat edinip, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda, talyplaryň we ýokary synp okuwçylaryň arasynda wagyz-ündew, düşündiriş çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Olarda çilimkeşligiň adam saglygyna ýetirýän zyýany giňden düşündirilýär. Bu çäreleriň ynsan saglygyny berkitmekde, sagdyn ýaşlaryň kemala gelmeginde ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdik. Oňa saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaramaz endiklere garşy göreş çäreleri alnyp barylýar. Şeýle çäreler jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaşlaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyny gazanmak ýaly işler bilen utgaşdyrylýar. Çilimkeşlige garşy göreşmek, ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak barada maksatnamalaryň, kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak meselesiniň ileri tutulýandygynyň  subutnamasydyr.