Çilimiň zyýany

31 Maý 2024
249

Çilim çekmek dünýäniň köp döwletlerinde giňden ýaýran zyýanly endikleriň biridir. Çilim ony çekýäniň-de, onuň daş-töweregindäki adamlaryň-da saglygyna uly zyýan ýetirýär.

Çilimkeşlik köp adamlaryň agyr kesellemegine we maýyp galmagyna sebäp bolýar. Çilim işdäňi kesýär, iýmit siňmegini kynlaşdyrýar, aşgazanyň, gyzylödegiň we beýleki iýmit siňdiriş agzalarynyň başly ýaralarynyň, howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Çilimkeşleriň arasynda dodagyň, diliň, bogazyň we öýkeniň täze döremeleri, ateroskleroz, miokardyň infarkty has ýygy duşýar. Çilim çekýänleriň arasynda dürli kesellere duçar bolmak howpy ýokarydyr.

Merdan BAÝRAMGULYÝEW,
Aşgabat şäherindäki 12-nji saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar