Arkadag sahawaty — haýyr işlere dowamat

1 Iýun 2024
214

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak arkaly mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek, howandarlyga mätäç ýaşajyk raýatlara hemaýat bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy orny eýeleýär. Bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli berjaý etmekde Milli Liderimiziň hut öz başlangyjy boýunça döredilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw-hemaýatlary, şeýle-de Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň alyp barýan ynsanperwer işleri örän ähmiýetlidir.

Bu sagaldyş-dikeldiş merkezi çagalarda dürli ýokanç däl keselleriň we şikesleriň ýöriteleşdirilen bejergisinden soňra dikeldiş (reabilitasiýa) çärelerini geçirmek, hossarlyga we howandarlyga mätäç, akyl we beden taýdan ösüşine itergi zerurlygy bolan çagalarda irki ösüş amallaryny geçirmek, şahsy başarnyklaryny ösdürmek, olara saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenip, ol hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda — Arkadag şäheriniň dabaraly açylan gününde ulanmaga berildi. Bu merkezde şu günki güne çenli bejergi üçin ýüz tutan ýüzlerçe çaga kabul edilip, olara toplumlaýyn saglygy dikeldiş bejergisi geçirildi we bu işler yzygiderli dowam etdirilýär. Çagalaryň aglabasynyň esasy keseliniň gaýraüzülmeleri sözleýiş we hereket ösüşinden yzagalaklyk bolup, geçirilýän toplumlaýyn bejergi işleri gowy netijeleri berýär. Merkezde geçirilen bejergi işleriniň barşynda sözleýiş taýdan yza galýan onlarça çaganyň sözleýiş we ses ukyplary ösdürildi. Çaga serebral ysmazy keseli bolan körpelere berlen sagaldyş-bedenterbiýe bejergileriniň netijesinde, olaryň elleriniň hereket we aýaklarynyň ýöremek endikleriniň dikeldilmeginde gowy netijeler gazanyldy.

Maýa ÖKÜZOWA,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar