Sagdyn durmuşyň sakasy

30 Maý 2024
204

Halkymyz ir döwürlerden bäri temmäki, çilim ýaly ýaramaz endiklerden daşda durup, oňa ýykgyn edenleri-de berk ýazgarypdyr. Ajaýyp döwrümizde nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamyň saglygyna zyýan ýetirýän çilimkeşlige garşy göreşmek maksady bilen, ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar, bu ugurda kanunçylyk kämilleşdirilýär. Kabul edilýän döwrebap kanunlar çilimiň we beýleki ýaramaz endikleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegi, temmäkä garşy göreşmegi, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmagy we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmagy maksat edinip, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda, talyplaryň we ýokary synp okuwçylaryň arasynda wagyz-ündew, düşündiriş çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Olarda çilimkeşligiň adam saglygyna ýetirýän zyýany giňden düşündirilýär. Bu çäreleriň ynsan saglygyny berkitmekde, sagdyn ýaşlaryň kemala gelmeginde ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris.

Şamyrat Akmämmedow,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar