Saglyk — rowaçlygyň binýady

1 Iýun 2024
154

Ynsan saglygy ýurt baýlygyna deňelýän eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda uly tagallalar edilýär. Halkymyz «Sag başym — soltan başym» diýýär. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy bolsa: «Dürdür bu janyň lezzeti//Saglyk onuň soltanydyr» diýip ýazypdyr. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ýok etmek babatda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň çar künjeginde gurulýan saglyk maksatly döwrebap binalar halkymyza hyzmat edýär.

Dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde bereketli türkmen topragynda bitýän ösümliklerden giňden peýdalanylýar. Garagum sährasynda ösýän ösümlikleriň aglabasy dermanlyk häsiýetlidir. Pederlerimiz ynsan saglygyna peýdaly otlary öwrenip, olary halk lukmançylygynda ulanypdyrlar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen tebigatyndaky melhem otlaryň ösýän ýerleri, dermanlyk häsiýetleri, olaryň taýýarlanylyşy we ulanylyşy barada giňişleýin maglumat berilýär. Türkmen topragynda ösýän 2 müňden gowrak dermanlyk ösümligiň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den köpüsiniň Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanýandygy barada aýdylýar.

Muhammetguly ATAGARAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar