Zenan saglygynyň aladasynda

3 Iýun 2024
169

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bagtyýar watandaşlarymyzyň saglygyny goramak boýunça uly işler alnyp barylýar. Elbetde, bu toplumlaýyn işleriň hatarynda zenan saglygyny goramak baradaky alnyp barylýan işleriň aýratyn orny bardyr. Ýaşaýşymyzyň, durmuşymyzyň we ajaýyp döwrümiziň bezegi bolan zenanlarymyzyň saglygyny goramak işleri biziň ýurdumyzdaky saglyk merkezlerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guralýar. Şolaryň hatarynda skrining barlaglaryny hem görkezip bolar.

Skrining barlaglary hassahanamyzda hem ýokary guramaçylykly ýagdaýda alnyp barylýar. Germaniýaly hünärmen, ginekolog, sitolog Ýoahima Simermana ýurdumyza amala aşyran iş saparynyň çäginde hassahanamyzda skrining çäreleriniň guralyşy bilen ýakyndan tanşyp, degişli hünärmenleriň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Şeýle-de ol özüniň baý tejribesini lukmanlarymyz bilen paýlaşdy.

Gülzada HAÝTYÝEWA,
Saýat etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary.
Beýleki habarlar