Sagdyn durmuş bagtyýarlykdyr

5 Iýun 2024
116

Ynsan saglygy baş baýlyk hasaplanýar. Şol baýlygy goramak bolsa adamlaryň özlerine bagly. Şonuň üçin-de aşakdaky kadalary ýerine ýetirmek zerur. Ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Açyk arassa howada gezelenç etmeli. Zyýanly endiklerden daşda durmaly. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň arassa bolmagyny gazanmaly. Öýleriň penjiresini wagtal-wagtal açyp, howasyny çalşyp durmaly. Öýleriň içinde arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly.

Özbaşdak derman serişdelerini ulanmakdan saklanmaly, sebäbi olary özbaşdak ulanylanda birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler. Asgyrlanda, üsgürlende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly. Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar