Döwrebap lukmançylyk enjamlary gowşuryldy

1 Iýun 2024
225

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar, hassahanalarda, saglyk öýlerinde lukmançylygyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurdaky işlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy-da mynasyp goşant goşýar. Golaýda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna-da Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlarynyň ikisiniň sowgat berilmegi günbatar sebitiň ýaşaýjylaryny örän begendirdi. Täze lukmançylyk enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabara ady agzalan gaznanyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de sebitiň saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary bu çärä aýratyn öwüşgin berdi. Çagalar döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Soňra lukmanlaryň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna saglygyny dikelden çagalaryň ene-atalarynyň çykyşlaryna orun berildi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän haýyr-sahawat düzüminiň netijeli işleri bilen, häzirki döwürde ýüzlerçe çaga sagdyn deň-duşlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik aldy. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna daşary ýurtlaryň dürli sebäplere görä ejir çeken çagalaryna-da ynsanperwerlik kömekleri ugradyldy. Welaýat, etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary sowgat berildi. Gazna halkara olimpiadalaryň, döredijilik bäsleşikleriniň guralmagyna hem ýakyndan ýardam berýär. Bularyň ählisi Garaşsyz ýurdumyzyň bagtyýar çagalaryň arzyly arzuwlarynyň amala aşýan mekanyna öwrülendigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem çykyş edenler ýurdumyzda kämil saglygy goraýyş ulgamyny kemala getirmek, ýaş nesliň hemaýata mätäç toparynyň saglygynyň dikeldilmegine goldaw bermek babatda alnyp barylýan şeýle beýik işler üçin Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar