Böwrek keselleriniň öňüni almak
Çagalaryň arasynda böwrek kesellerinden iň köp duş gelýäni piýelonefritdir.Piýelonefrit — bu böwrek dokumasyna, ýumajygyna bakteriýalaryň, köplenç, içege taýajyklarynyň, stafilokoklaryň, enterokoklaryň we beýleki ýokançlaryň aralaşmagy bilen ýüze çykýan gaýnaglamasydyr. Piýelonefrit, esasan hem, 5-6 ýaşa çenli çagalarda köp duş gelýär. Bu ýagdaý kiçi ýaşly çagalarda böwrek peşew ýollarynyň anatomiki gurluşy bilen baglylykda ýüze çykýar. Aýratyn hem, bu kesel kiçi ýaşly gyzjagazlarda köp gabat gelýär. Kesel dörediji bakteriýalar böwrege peşew çykaryş ulgamynda, ýagny peşew haltada, peşew çykaryjy kanalda bar bolan ýokançlaryň ýokarlaýyn, şeýle hem beýleki ýokanç ojaklaryndan ganaýlanyşyň üsti bilen aralaşyp bilýärler.