«Saglygyň gadryny bilgil...»

4 Aprel 2024
378

Saglyk ähli döwürlerde-de jemgyýetçilik gymmatlygy bolupdyr. Şonuň üçinem ata-babalarymyz «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýipdir. Häzirki wagtda adamlaryň saglygy hakyndaky alada döwletimizde esasy orunda goýulýar. Şonuň netijesinde-de adamlaryň ömür dowamlylygy uzalýar. Ýurdumyzda her ýyl saglyk bilen bagly bir aýlyk öňüni alyş işleri geçirilýär. Bu öz netijesini hem berýär. Şuňa laýyklykda Türkmenistan «Temmäki tüssesinden azat ýurt» diýlip yglan edildi.

Zyýanly endiklerden daşda durmak barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Çilim», «Çilimkeş» ýaly goşgularyny döredipdir. Şahyr «Gülen barmy?» diýen goşgusynda: «Hasta bolmaýyn, saglygyň // Ganymatyn bilen barmy?» diýmek bilen, derde ulaşman, saglygy birsydyrgyn saklamak barada alada etmegi ündeýär.

Rahat NAZAROW,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň bölüm müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar