Ýaşaýşyň synmaz sütüni

3 Aprel 2024
238

Biri-birinden aýryp bolmaýan käbir düşünjeler bolýar. «Sport» we «saglyk» düşünjelerini hem şolaryň hatarynda görkezip bileris. Şonuň üçin hem ýene üç günden belleniljek Bütindünýä saglyk güni, şol bir wagtyň özünde, sportuň hem uly baýramydyr.

Saglyk ― bejergiden ozal goralmaly gymmatlyk. Saglygy goramagyň esasy sütünleriniň biri bolsa sportdur. Sportuň ýaryş, ýeňiş ruhy hem gönüden-göni ynsan saglygyna oňyn täsir edýän aýratynlyklar. Hususan-da, ähli zadyň elimiziň aýasyna gelen sanly döwürde sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti has öňe çykýar. Döwletli Diýarymyzda sport bilen meşgullanmaga döredilen we döredilýän mümkinçilikler sporty ýaran edinýän ildeşlerimiziň sanyny hem yzygiderli artdyrýar. Olaryň agramly bölegi bolsa geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlardyr.

Gunça HATAMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap geňeşiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar