D witamininiň ähmiýeti

5 Aprel 2024
247

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa» esasynda köp işler durmuşa geçirilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirmek wezipelerini öňde goýýan bu resminama döwletimiz tarapyndan ynsan saglygy barada giň gerimli aladalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

D witamini bedende birnäçe funksiýany ýerine ýetirip, süňkleri we dişleri sagdyn saklamaga, immun ulgamyny, nerw ulgamyny işjeňleşdirmäge, öýken, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär.

Gülbahar GELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň çaga hirurgiýasy kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar