Şypaly «Farap»

5 Aprel 2024
161

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2010-njy ýylyň 21-nji iýulynda täze binasy gurlup ulanylmaga berlen «Farap» şypahanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden 20 kilometr uzaklykda, Amyderýanyň sag kenarynda, Goýgala obasynda ýerleşýär. Bu ajaýyp şypahana 250 orunlyk bolup, 3 gatly binadan ybarat. Şypahananyň otaglarynda raýatlaryň rahat dynç almagyny üpjün etmäge degişli ähli amatly şertler döredilen. Bu ýere gelýänler üçin arassa howada dynç alyp saglygyny berkider ýaly, tomsuna suwa düşülýän howuzlar, basketbol we woleýbol meýdançalary, sport maşklaryny ýerine ýetirmek üçin dürli görnüşli trenažýorlar bar.

«Farabyň» mineral suwunyň düzüminde D.I.Mendeleýewiň periodik tablisasyndaky 32-den gowrak mikroelementleriň bardygy anyklanyldy. «Farap» şypahanasy anyklaýyş, bejeriş we mineral suw bilen bejeriş bölümlerini öz içine alýar. Şypahanada gastroenterolog, newropatolog, urolog, ginekolog, iç keseller, göz, stomatolog lukmanlary raýatlara öz ugurlary boýunça degişli maslahatlary we bejergileri berýärler.

Şageldi BURANOW,
«Farap» şypahanasynyň baş lukmany.
Beýleki habarlar