Saglygy goraýyş ulgamyndaky ýetilen sepgitler

3 Aprel 2024
240

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda halk bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýerilip, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de olary ýok etmek boýunça saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda uly işler alnyp barylýar. Şeýle netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda lukmançylyk ulgamynyň hyzmatynyň hilini ýokarlandyrýar we onuň elýeterliligini üpjün edýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijesinde, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine çykaryldy. Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamyna halkara ölçeglerine we talabyna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylyp, türkmen lukmanlarynyň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar. Şeýle hem dünýä lukmançylygynyň gazananlaryndan ugur alnyp, täze bejeriş usullary kämilleşdirilýär. Şol esasda dünýäniň ençeme döwletiniň lukmançylyk merkezleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk saklanýar. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurtly hünärmenler bilen keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak boýunça tejribe alşylýar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar