Gözler bedeniň aýnasydyr

3 Aprel 2024
256

«Göz — kalbyň aýnasy» diýilýär. Aslynda welin, göz ynsanyň tutuş bedeniniň saglyk ýagdaýyny äşgär edýär. Çünki görüş agzalarynyň ýagdaýyna görä, bedeniň içki agzalarynyň işleýşini anyklamak mümkindir.

Gözler, ilkinji nobatda, bedendäki holesteriniň derejesini mälim edýär. Gözleriň saralmagy bilen bagyr näsazlyklarynyň, ýagny, gepatit keseliniň ilkinji alamatlaryny anyklamak mümkin. Gözleriň guramagy bolsa A ýokumynyň we arassa howanyň ýetmezçiliginden habar berýär. Şeýle-de dartgynlylyk ýagdaýy hem gözleriň bu hala düşmegine getirýär. Şu hili ýagdaýlar ýüze çykan dessine lukmana görünmek maslahat berilýär. Şeýle-de göz lukmany gündelik iýmitimiziň düzümine käşiri goşmagyň hökmanydygyny nygtaýar. Munuň ýaşaýşymyzyň diregi bolan görer gözümiziň sagdyn bolmagyna haýry degýär.

Beýleki habarlar