Saglygyň we gözelligiň miwesi

3 Aprel 2024
413

Sitruslar maşgalasyna degişli bolan limon halk lukmançylygynda öňden bäri birnäçe keseli bejermekde giňden ulanylýar. Limonyň düzüminde pektin maddalary, kaliý, mis, fitonsidler, С, B we P toparlaryna degişli ýokumlar we kartin köpdür. Şol sebäpden limon sarygetirme keselinde, beden boşluklaryna suw ýygnananda, böwrekde daş emele gelende, inçekeselde, aşgazan, bogun, bil, guragyrylarda peýdalanylýar. Suw garylan limon şiresi agyz boşlugynyň, damagyň nemli bardalarynyň çişme kesellerinde çaýkamak arkaly peýdalanylýar. Şeýle-de limon we ondan taýýarlanylan demlemeler bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakda örän haýyrlydyr. Ol, esasan hem, sowuklama keselinde peýdalydyr.

Limon kosmetiki serişdeleriň önümçiliginde hem peýdalanylýar. Ondan taýýarlanylan önümler ýüzde döreýän menekleri we tegmilleri aýyrmaga kömek edýär. Şu maksat bilen limondan ýörite melhemlikler, ýapgylar taýýarlanylýar.

Hatyja ÖRÄÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar