Bagtyýarlygyň bagt bagynda

3 Aprel 2024
270

Adamlaryň saglygyny berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmäge dünýä derejesinde örän uly üns berilýär. Bu biziň ýurdumyz babatda hem şeýledir. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň saglygyny goramak hem-de ilatymyzy ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Sagdyn bolmak üçin sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti örän uludyr. Ýurdumyzda sporty ösdürmegiň esasy maksady sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda sport desgalarynyň uly toplumy gurlup ulanylmaga berildi.

Aýlar HOJAKULIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň çagalar hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar