"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Uzak ýaşamak iýmite baglymy?

Uzak we sagdyn ýaşamagyň syrlary ir zamandan bäri adamzady gyzyklandyryp gelýär. Dogry iýmitlenmegiň, edil sagdyn durmuş ýörelgesiniň beýleki düzgünleri ýaly, juwanlyk döwrüni uzaldýandygyna, garrylygy yza tesdirýändigine, daşky keşbiňi gözelleşdirýändigine gadymky adamlar hem göz ýetiripdir. Gündelik iýmitlenişde ulanylýan önümleriň dogry saýlanylmagynyň, hakykatdan-da, sagdyn we uzak ýaşamaga täsir edýändigini durmuş tejribesi görkezýär. Aýry-aýry iýmit önümleri bu babatda has uly ähmiýete eýe bolup durýar. Kakaonyň we gara şokoladyň düzüminde köp mukdarda flawonoidler, antioksidantlar saklanýar. Bu maddalaryň ýürek-damar näsazlyklaryna, onkologiýa keselleriniň döremegine itergi berýän kanserogenlere, howply çişlere, sowuklama, gaýnaglama garşy täsire eýe bolup durýandygy mälimdir. Olar ýatkeşligi berkidýär, garrama hadysasyny bökdeýär. Şoňa görä, gije-gündiziň dowamynda 30 g gara şokolad iýmek maslahat berilýär.

Aýdymy enjam arkaly diňlemek hökmanmy?

Sesi gataldyp eşitdiriji enjamyň (pleýer, nauşnik) eşidişe zyýanly täsir edýändigi barada köp aýdylýar. Bu tötänden däldir. Içki gulagyň güýçli galmagalyň täsiri astynda zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýän näsazlyk bolup, ol «akustiki şikes» diýlip atlandyrylýar. Bu keseliň ýiti görnüşi ses tolkunynyň deprek perdesine ýakyn aralykdan «zarba urmagy» netijesinde döräp, onuň ýüze çykmagy üçin ýekeje gezek gulaga ýakyn durlup, gaty gygyrylmagy ýeterlik bolýar. Onçakly ýakyn bolmadyk aralykda ýaňlanýan sesiň, galmagalyň, şowhunyň yzygiderli täsir edip durmagy akustiki şikesiň dowamly görnüşiniň döremegine sebäp bolýar. Sesi gataldyp eşitdiriji enjam yzygiderli ulanylanda ses tolkuny 1-1,5sm aralykdan deprek perdesine güýçli «urulýar». Üstesine, şeýle zarba yzygiderli gaýtalanyp durulýar. Şoňa görä, bu enjamyň kömegi bilen saz diňlemegi halaýanlarda akustiki şikesiň iki görnüşi hem ýüze çykyp bilýär. Kadaly ýagdaýda adatça gartaşan ýaşly adamlarda eşidiş agzasynyň işjeňligi peselip başlaýar. Soňabaka eşidiş kem-kemden agralyp ugraýar. Munuň özi tebigy sebäplere (daşky gurşawdaky gaty sesler, galmagal, şowhun) görä bolup geçýän hadysadyr. Sesi gataldyp eşitdiriji enjamy (ýeri gelende bellesek, el telefonyny hem) yzygiderli we işjeň ýa

Alamatlar nämäni duýdurýar?

Haýsy alamatlara üns bermeli? Ir säherde ukudan oýanylýan wagtda syrkawyň çep ýa-da sag aýagy guruşýar, hereketi gowşaýar, güýji peselýär. Ysmazlyk ýüze çykyp bilýär. Bu alamatlaryň irden däl-de, biraz soňra, günüň dowamynda ýüze çykmagy hem mümkindir.

Ene süýdi – sagdyn ösüşiň kepili

Döwletimiz tarapyndan çagalaryň sagdyn iýmitlenmegi, olaryň kadaly ösüşi üçin uly aladalar edilýär. «Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak» hakyndaky Kanundan gelip çykýan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek bilen bagly her ýylyň 1-7-nji sentýabry aralygynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeligi» bellenilýär. Ene süýdi çaganyň sagdyn ösüşi üçin örän gymmatly iýmitdir. 2-3 ýaşa çenli ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň çagany dürli kesellerden goraýanlygy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ylmy taýdan aýdyň beýan edildi. Şeýle hem hünärmenler tarapyndan ene süýdi bilen kada laýyk iýmitlendirilen çagalaryň akyl-huş we zehin taýdan ösüşiň ýokary derejede bolýanlygy kesgitlenildi.

Saglygym — baş baýlygym

Eziz Diýarymyzda 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden baýram edilýär. Bu günki gün halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladany esasy ugur edinýän Türkmenistan dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.

But süňküniň kellejiginiň aseptiki nekrozy

Atageldi GERMANOW Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Görüş nerwiniň intrakranial bölüminiň inwolýusion üýtgemeleriniň deňeşdirme morfologiýasy

Aýjemal ORAZALYÝEWA, Gurban PIRLIÝEW, Aman GELDIÝEW, Jahan LAMANOWA, Merdan SÜLEÝMANOW M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy, Halkara okuw-ylmy merkezi

Bagryň kistalarynyň tapawutlandyrylyş aýratynlyklary

Nazar GARRYÝEW, Gylyçdurdy GURBANBERDIÝEW, Serdar MÄMMETÝAZOW S.A.Nyýazow adyndaky BMBM, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy

Dürli derejeli dewiasiýaly daş taraplaýyn göz çaşylygynyň hirurgik bejerilişine tapawutlandyrylan çemeleşme

Aýgözel GUDRATULLAÝEWA Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi

Çagalarda miopiýanyň gaýra üzülen akymynyň prediktorlaryny anyklamakda ýokary tehnologiýaly usullaryň ähmiýeti

Gurban KARANOW, Güljamal EZIZOWA, Suraý ABDYÝEWA, Maýsa NAZGYLYJOWA, Aýlar PENAÝEWA M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň göz keselleri kafedrasy, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi

Dowamly böwrek ýetmezçilikli näsaglarda meýilleşdirilen gemodializ üçin hemişelik gan damar girelgesi

Sapargeldi MÄTNEPESOW, Nurmyrat ÇONANOW, Mubarak MURATOWA, Mekan REJEPOW M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň gospital hirurgiýasy kafedrasy, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana

Lukman Arkadagymyzyň ensiklopedik eseri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler» diýen sözlerinden ugur alyp, saglyk ulgamynda alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar. Türkmen tebigatynda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ençeme dermanlyk ösümlikler bar. Halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýan melhem ösümlikleri hemmetaraplaýyn, ygtybarly öwrenmäge aýratyn üns berilýär, olardan derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda hem şeýle kärhananyň gurluşygynyň göz öňünde tutulmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Gije-gündiz halk hyzmaty

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň dowamly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm şertidir. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýşy, derman senagatyny kämilleşdirmek ugrunda köp sanly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň hem-de ilatyň derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegine aýratyn üns berýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» gurluşa eýe Arkadag şäherine hem, sözüň doly manysynda, sagdynlygyň mekany diýip aýdyp bolar. Bu ýerde dünýäniň iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, lukmançylyk bilim ojagy, ilaty gije-gündiz ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün edýän dermanhanalar hereket edýär. Täze şäherdäki dermanhanalarda ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenýär. Olaryň hatarynda dermannama boýunça, 50 göterim ýeňillikli, mugt goýberilýän derman serişdeleri hem bar. Baş dermanhana birleşiginiň garamagyndaky bu dermanhanalarda ilata hödürlenýän derman serişd

Injiriň şiresiniň antibakterial işjeňligini kesgitlemek

Nargözel MYRATNAZAROWA, Muhammetguly ATAGARAÝEW, Gülnar MYRATGELDIÝEWA, Irina WYSOTINA M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň farmakologiýa kafedrasy, Halkara okuw-ylmy merkezi

Aortanyň koarktasiýasynyň endowaskulýar bejergisiniň netijeliligi

Sona ANNANIÝAZOWA, Bahram KADYROW, Bahargül ŞYHNAZAROWA, Parahat GAÝYPJANOW Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi

Çaga ýüreginden «Arkadag» medalyna

Geçilen ýollaryň many-mazmuny bitirilen gowy işler bilen ölçenilýär. Şol işler ynsanyň ýaşaýşynyň ýakymyny, şatlygyny artdyrýar. Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň ilkinji eýeleriniň biri, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň ortoped lukmany Çarykuly Bazarowyň zähmet ýolunda ykballary özgerden şeýle işler juda kän. Şol bir saglyk merkezinde 30 ýyl çemesi çekilen zähmet, üstünlikli amala aşyrylan çaga operasiýalarynyň müňlerçesi onuň ömrüne bezeg berýär. Diýmek, Çarykuly aganyň durmuş we zähmet ýoluna şunça ykbalyň şatlygy sygýar. Bu ykballara dahylly ata-ene, dogan-garyndaş, dost-ýar, gör, ýene näçe ykbal bar. Esasanam, soňky ýyllary diýseňiz-läň! Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna üstünlikli geçirilen operasiýalaryň her biri ýatda galyjy. Ine, şol operasiýalardan soň saglygyna gowşan çagalar, olaryň ata-eneleri hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany bilen Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolanlaryň sanawynda Çarykuly aganyň hem adyny görüp, begenjinden guş bolup uçdular. Hawa, olar lukmana alkyş aýdypdylar, hormatly Prezidentimiz bolsa olaryň alkyşlaryny döwlet sy

Sport saglyga hemra

— Üç ýyldan bäri biynjalyk edýän derdime etmedik emim galmady. Içimdäki, dyz bogunlarymdaky, oňurgalarymdaky agyrylar wagtlaýyn aýrylan ýaly bolsa-da ýene-de tapylyberýärdi. Ýöne birden hemme zat üýtgedi. «Farap» şypahanasyna gelip, saglygymy bejerdip ýören günlerimde bejeriş-bedenterbiýe otagyna girdim. Bu ýerdäki hünärmen meni mähir bilen garşylady. Arzymy diňläninden soňra, otagdaky enjamlar bilen tanyşdyrdy we biz dessine türgenleşip başladyk. Eýýäm bir gezekden soň men endamymda ýeňillik duýdum. Men indi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýaryn. Munuň, hakykatdan-da, bedenimize saglyk paýlaýandygyna aňryýany bilen göz ýetirdim. Bu sözler şypahanada bejergi alan paýtagtly Işanguly Kerimowyň sözleri. Işanguly aganyň dertlerinden dynmagyna sebäp bolan Zakirjan Ýoldaşow indi birnäçe ýyldan bäri «Farap» şypahanasynda bejeriş-bedenterbiýe otagynyň hünärmeni bolup işleýär. Onuň gürrüň bermegine görä, mugallymlar maşgalasynda dünýä inen türgen entek çagaka hem juda çalasyn bolupdyr. Şol sebäpden hossarlary onuň sport bilen meşgullanmagyny oňlapdyrlar. Ol 5 ýaşyndan bäri sport bilen meşgullanyp gelýär.

Nesil saglygy – bagtyýarlygyň gözbaşy

Çagalarda irki ýaşda köplenç duş gelýän keselleriň biri iglilikdir. Ol çaga D ýokumynyň ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýar. Bu ýokum deride Günüň ultramelewşe şöhlesiniň täsiri netijesinde emele gelýär. Mundan başga-da, ol balyk ýagynyň, ýumurtganyň sarysynyň hem-de süýt önümleriniň düzüminde saklanýar. D ýokumy süňk dokumasynyň ösmegi, merkezi degna ulgamynyň we beýleki beden agzalarynyň işjeňligi üçin zerurdyr. Igliligiň alamatlary çaganyň işdäsiniň peselmegi, saçlarynyň düýbüniň derlemegi, ýeňse saçynyň düşmegi bilen anyklanylýar. Wagtynda bejergi alynmadyk ýagdaýynda keseliň ötüşmegine ýol berilýär. Bu döwürde bolsa süňkleriň adaty görnüşinden üýtgemegi, ýagny, maňlaýyň tüňňermegi, döş süňküniň içe gitmegi ýa-da öňe çykmagy, aýak süňkleriniň gyşarmagy ýaly birnäçe üýtgemeler ýüze çykýar.

100 ýaşly hassahana

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýat bejeriş-sagaldyş hassahanasy 100 ýaşyny doldurdy. Hassahananyň bir asyrlyk taryhynda şöhratly ýollar, şanly sahypalar näçe diýseň bar. Ýyllaryň dowamynda demirýolçularyň esasy saglyk merkezleriniň biri hökmünde uly meşhurlyk gazanan hassahana bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen görlüp-eşidilmedik özgerişliklere beslenýär. Häli-häzirler hem diňe bir Türkmenabat şäherinde däl, eýsem, tutuş welaýatymyzda iň abraýly saglyk merkezleriniň biri hökmünde tanalýan hassahananyň bu abraýy onuň şöhratly ýolundan başlanýar. Lebap sebitlerinde demirýolçularyň ilkinji saglyk ojaklarynyň eýýäm 1908-nji ýylda peýda bolandygyna garamazdan, ýerli ýaşaýjylar ilkinji ýörite hassahananyň gurulmagy üçin ýene 15 ýyl garaşmaly bolupdyrlar. Şeýlelikde 1923-nji ýylda Türkmenabat şäherinde 25 orunlyk Demirýolçular hassahanasy açylýar. Saglygy goraýyş işgärleri hassahananyň açylmagynda hirurg I.Meshiniň tagallalarynyň örän uly bolandygyny gürrüň berýärler. Esaslandyryjysy hirurg lukman bolandygy üçin ilkinji hassahanada diňe bir bölüm — hirurgiýa bölümi işläpdir.

Sagdynlyk — durmuş şamçyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Sagdynlyk, bagtyýarlyk, ruhubelentlik barada söz açylanda, ilki bilen bedenterbiýe we sport hereketleri, bu babatdaky alnyp barylýan işler göz öňüňe gelýär. Ýurdumyzdaky çagalar baglarynda, orta mekdeplerde ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe sapaklarynyň netijeli geçirilmegi ýaş nesilleriň sagdyn we berk bedenli bolmaklary üçin döredilýän mümkinçiliklerdir. Bedenterbiýe we sport hereketleri adamyň diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem sagdyn bolmagyna we netijeli zähmet çekmegine güýç berýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen türgenleri ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşýarlar we ýaşyl Tugumyzy ýeňiş münberinde al-asmana pasyrdadyp, döwletimiziň sport abraýyny belende göterýärler.