100 ýaşly hassahana

18 Oktýabr 2023
408

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýat bejeriş-sagaldyş hassahanasy 100 ýaşyny doldurdy. Hassahananyň bir asyrlyk taryhynda şöhratly ýollar, şanly sahypalar näçe diýseň bar. Ýyllaryň dowamynda demirýolçularyň esasy saglyk merkezleriniň biri hökmünde uly meşhurlyk gazanan hassahana bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen görlüp-eşidilmedik özgerişliklere beslenýär. Häli-häzirler hem diňe bir Türkmenabat şäherinde däl, eýsem, tutuş welaýatymyzda iň abraýly saglyk merkezleriniň biri hökmünde tanalýan hassahananyň bu abraýy onuň şöhratly ýolundan başlanýar.

Lebap sebitlerinde demirýolçularyň ilkinji saglyk ojaklarynyň eýýäm 1908-nji ýylda peýda bolandygyna garamazdan, ýerli ýaşaýjylar ilkinji ýörite hassahananyň gurulmagy üçin ýene 15 ýyl garaşmaly bolupdyrlar. Şeýlelikde 1923-nji ýylda Türkmenabat şäherinde 25 orunlyk Demirýolçular hassahanasy açylýar. Saglygy goraýyş işgärleri hassahananyň açylmagynda hirurg I.Meshiniň tagallalarynyň örän uly bolandygyny gürrüň berýärler. Esaslandyryjysy hirurg lukman bolandygy üçin ilkinji hassahanada diňe bir bölüm — hirurgiýa bölümi işläpdir.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar