Ene süýdi – sagdyn ösüşiň kepili

18 Oktýabr 2023
430

Döwletimiz tarapyndan çagalaryň sagdyn iýmitlenmegi, olaryň kadaly ösüşi üçin uly aladalar edilýär. «Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak» hakyndaky Kanundan gelip çykýan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek bilen bagly her ýylyň 1-7-nji sentýabry aralygynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeligi» bellenilýär.

Ene süýdi çaganyň sagdyn ösüşi üçin örän gymmatly iýmitdir. 2-3 ýaşa çenli ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň çagany dürli kesellerden goraýanlygy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ylmy taýdan aýdyň beýan edildi. Şeýle hem hünärmenler tarapyndan ene süýdi bilen kada laýyk iýmitlendirilen çagalaryň akyl-huş we zehin taýdan ösüşiň ýokary derejede bolýanlygy kesgitlenildi.

«Saglyk».
Beýleki habarlar