Çaga ýüreginden «Arkadag» medalyna

18 Oktýabr 2023
438

Geçilen ýollaryň many-mazmuny bitirilen gowy işler bilen ölçenilýär. Şol işler ynsanyň ýaşaýşynyň ýakymyny, şatlygyny artdyrýar. Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň ilkinji eýeleriniň biri, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň ortoped lukmany Çarykuly Bazarowyň zähmet ýolunda ykballary özgerden şeýle işler juda kän. Şol bir saglyk merkezinde 30 ýyl çemesi çekilen zähmet, üstünlikli amala aşyrylan çaga operasiýalarynyň müňlerçesi onuň ömrüne bezeg berýär. Diýmek, Çarykuly aganyň durmuş we zähmet ýoluna şunça ykbalyň şatlygy sygýar. Bu ykballara dahylly ata-ene, dogan-garyndaş, dost-ýar, gör, ýene näçe ykbal bar. Esasanam, soňky ýyllary diýseňiz-läň! Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna üstünlikli geçirilen operasiýalaryň her biri ýatda galyjy.

Ine, şol operasiýalardan soň saglygyna gowşan çagalar, olaryň ata-eneleri hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany bilen Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolanlaryň sanawynda Çarykuly aganyň hem adyny görüp, begenjinden guş bolup uçdular. Hawa, olar lukmana alkyş aýdypdylar, hormatly Prezidentimiz bolsa olaryň alkyşlaryny döwlet sylagyna öwrüp, lukmana gaýdyp berdi.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar