Nesil saglygy – bagtyýarlygyň gözbaşy

18 Oktýabr 2023
241

Çagalarda irki ýaşda köplenç duş gelýän keselleriň biri iglilikdir. Ol çaga D ýokumynyň ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýar. Bu ýokum deride Günüň ultramelewşe şöhlesiniň täsiri netijesinde emele gelýär. Mundan başga-da, ol balyk ýagynyň, ýumurtganyň sarysynyň hem-de süýt önümleriniň düzüminde saklanýar. D ýokumy süňk dokumasynyň ösmegi, merkezi degna ulgamynyň we beýleki beden agzalarynyň işjeňligi üçin zerurdyr.

Igliligiň alamatlary çaganyň işdäsiniň peselmegi, saçlarynyň düýbüniň derlemegi, ýeňse saçynyň düşmegi bilen anyklanylýar. Wagtynda bejergi alynmadyk ýagdaýynda keseliň ötüşmegine ýol berilýär. Bu döwürde bolsa süňkleriň adaty görnüşinden üýtgemegi, ýagny, maňlaýyň tüňňermegi, döş süňküniň içe gitmegi ýa-da öňe çykmagy, aýak süňkleriniň gyşarmagy ýaly birnäçe üýtgemeler ýüze çykýar.

Aýna NAKYPOWA,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň newropatolog lukmany.
Beýleki habarlar