Sagdynlyk — durmuş şamçyragy

18 Oktýabr 2023
274

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Sagdynlyk, bagtyýarlyk, ruhubelentlik barada söz açylanda, ilki bilen bedenterbiýe we sport hereketleri, bu babatdaky alnyp barylýan işler göz öňüňe gelýär. Ýurdumyzdaky çagalar baglarynda, orta mekdeplerde ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe sapaklarynyň netijeli geçirilmegi ýaş nesilleriň sagdyn we berk bedenli bolmaklary üçin döredilýän mümkinçiliklerdir.

Bedenterbiýe we sport hereketleri adamyň diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem sagdyn bolmagyna we netijeli zähmet çekmegine güýç berýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen türgenleri ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşýarlar we ýaşyl Tugumyzy ýeňiş münberinde al-asmana pasyrdadyp, döwletimiziň sport abraýyny belende göterýärler.

Merdan ORAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar