Uzak ýaşamak iýmite baglymy?

19 Oktýabr 2023
496

Uzak we sagdyn ýaşamagyň syrlary ir zamandan bäri adamzady gyzyklandyryp gelýär. Dogry iýmitlenmegiň, edil sagdyn durmuş ýörelgesiniň beýleki düzgünleri ýaly, juwanlyk döwrüni uzaldýandygyna, garrylygy yza tesdirýändigine, daşky keşbiňi gözelleşdirýändigine gadymky adamlar hem göz ýetiripdir. Gündelik iýmitlenişde ulanylýan önümleriň dogry saýlanylmagynyň, hakykatdan-da, sagdyn we uzak ýaşamaga täsir edýändigini durmuş tejribesi görkezýär. Aýry-aýry iýmit önümleri bu babatda has uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Kakaonyň we gara şokoladyň düzüminde köp mukdarda flawonoidler, antioksidantlar saklanýar. Bu maddalaryň ýürek-damar näsazlyklaryna, onkologiýa keselleriniň döremegine itergi berýän kanserogenlere, howply çişlere, sowuklama, gaýnaglama garşy täsire eýe bolup durýandygy mälimdir. Olar ýatkeşligi berkidýär, garrama hadysasyny bökdeýär. Şoňa görä, gije-gündiziň dowamynda 30 g gara şokolad iýmek maslahat berilýär.

Aýjemal Halidowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş hünärmeni, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar