Aýdymy enjam arkaly diňlemek hökmanmy?

19 Oktýabr 2023
461

Sesi gataldyp eşitdiriji enjamyň (pleýer, nauşnik) eşidişe zyýanly täsir edýändigi barada köp aýdylýar. Bu tötänden däldir. Içki gulagyň güýçli galmagalyň täsiri astynda zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýän näsazlyk bolup, ol «akustiki şikes» diýlip atlandyrylýar. Bu keseliň ýiti görnüşi ses tolkunynyň deprek perdesine ýakyn aralykdan «zarba urmagy» netijesinde döräp, onuň ýüze çykmagy üçin ýekeje gezek gulaga ýakyn durlup, gaty gygyrylmagy ýeterlik bolýar. Onçakly ýakyn bolmadyk aralykda ýaňlanýan sesiň, galmagalyň, şowhunyň yzygiderli täsir edip durmagy akustiki şikesiň dowamly görnüşiniň döremegine sebäp bolýar. Sesi gataldyp eşitdiriji enjam yzygiderli ulanylanda ses tolkuny 1-1,5sm aralykdan deprek perdesine güýçli «urulýar». Üstesine, şeýle zarba yzygiderli gaýtalanyp durulýar. Şoňa görä, bu enjamyň kömegi bilen saz diňlemegi halaýanlarda akustiki şikesiň iki görnüşi hem ýüze çykyp bilýär.

Kadaly ýagdaýda adatça gartaşan ýaşly adamlarda eşidiş agzasynyň işjeňligi peselip başlaýar. Soňabaka eşidiş kem-kemden agralyp ugraýar. Munuň özi tebigy sebäplere (daşky gurşawdaky gaty sesler, galmagal, şowhun) görä bolup geçýän hadysadyr. Sesi gataldyp eşitdiriji enjamy (ýeri gelende bellesek, el telefonyny hem) yzygiderli we işjeň ýagdaýda ulanmaga endik eden, kelle beýnisiniň damarlarynda aterosklerozly üýtgemeler bolup geçen, boýun oňurgasynyň osteohondrozy bar bolan adamlarda bolsa bu hadysa ir başlanýar, çalt bolup geçýär, tiz ýaýbaňlanýar. Netijede, adam eşidiş ýitiligini ir ýitirýär.

Rozygül IBRAGIMOWA,
Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň surdolog lukmany.
Beýleki habarlar