Gije-gündiz halk hyzmaty

18 Oktýabr 2023
423

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň dowamly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm şertidir. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýşy, derman senagatyny kämilleşdirmek ugrunda köp sanly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň hem-de ilatyň derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegine aýratyn üns berýär.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» gurluşa eýe Arkadag şäherine hem, sözüň doly manysynda, sagdynlygyň mekany diýip aýdyp bolar. Bu ýerde dünýäniň iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, lukmançylyk bilim ojagy, ilaty gije-gündiz ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün edýän dermanhanalar hereket edýär. Täze şäherdäki dermanhanalarda ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenýär. Olaryň hatarynda dermannama boýunça, 50 göterim ýeňillikli, mugt goýberilýän derman serişdeleri hem bar. Baş dermanhana birleşiginiň garamagyndaky bu dermanhanalarda ilata hödürlenýän derman serişdeleri dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär. Dermanhanalaryň bir gatly binalarynda müşderiler üçin niýetlenen giň we oňaýly söwda zaly, derman serişdeleriniň bölümleri, ammar jaýy göz öňünde tutulypdyr.

Aýsenem NURLYÝEWA.
«Arkadag».
Beýleki habarlar