Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Gudrat görseň, daglara bar diýlendir

«7/24.tm», № 04 (87), 24.01.2022. Aslynda, tebigatyň her bir agzasy – bir öýjüginden başlap, tä älem giňişligine çenli bar bolan ähli zatlar juda-juda täsin. Düýeden uly piliň bardygy üçin şu ýerde tebigatyň iň kiçi agzasy bilen iň ulusynyň adyny gönümel aýtmakdan saklandym. Tebigat şeýle bir täsin dünýä welin, ondan öwrenmeli zatlar örän kän. Durmuşda oňa meňzemäge çalyşýan adamlar hem az däl. Eýsem, Gurbannazar Ezizow hem:

Tebigatyň özi ussat

«7/24.tm», № 04 (87), 24.01.2022. Islendik bir işi ökdelik bilen ýerine ýetirýän ökde hünärmenlere «ussat» diýilýär. Emma üns edip, daş-töweregimize nazar aýlasak, sünnä salnyp ýaradylan gudratly daglara, ajaýyp tebigata gözüň düşýär. Adam eli degmedik tebigatam muňa nusga bolup durýar. Bir suratkeşiň özboluşly reňkleriň sazlaşmagynda döredip, sünnäläp çeken gözel tebigatynyň suratyny görenimizde bizde özboluşly täsir galdyrýar. Emma şol suratkeşiň hyýalynda döredip çeken tebigatyny biz elimiz bilen elläp, gözümiz bilen görüp, howasyndan dem alyp, ýüregimiz bilen duýup bilýäris. Ajaýyp gözel zatlar ynsanyň aňynda, kalbynda hemişe beýik we baky ýaşaýar. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Ähli gözel zatlar – hemişe beýik...» diýen şygrynda:

Bars ýyly — bagt ýyly

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýyl milli müçenama laýyklykda, bars ýyly. Gündogar halklarynda her on iki ýyldan bir müçe aýlanýan senenamanyň döreýşi barada dürli rowaýatlar, gyzykly ylmy maglumatlar bar. Şolaryň arasynda iň gadymkysy we mazmun taýdan hakykata has laýyk gelýäni XI asyrda ýaşap geçen Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» («Diwany lugat et türk») eserindäki rowaýat hasaplanýar. Onda şeýle diýilýär: «Irki döwürde hökümdarlaryň biri bolup geçen wakalaryň ýylyny hem senesini takyklamak isläp, hasap ýöredijilerden kanagatlanarly jogap alyp bilmändir. Kim wakanyň bolup geçen ýylyna ikirjiňlense, kimsi onuň paslynda ýa-da aýynda belli karara gelip bilmändir. Şondan soňra hökümdar geljekde wakalaryň ýyl, aý, gün senesinde ýalňyşmaz ýaly, 12 ýyldan bir gezek aýlanýan, her ýylyň 12 aýdan, her aýyň 30 günden ybarat bolan senenamasyny düzmegi tabşyrypdyr. Halk her ýylyň bir jandaryň ady bilen atlandyrylmagyny makullapdyr. Ýyllaryň gelşiniň yzygiderliligini kesgitlemek üçin bolsa senenama girizilmegi makul bilnen jandarlary bol suwly derýadan geçirmeli edipdirler. Ilkinji geçen syçan bolansoň, şol irki döwürden bäri, müçenamanyň başyny çekip gelmeli bolupdyr». Halk paýhasynda nesilden-nesle geçip gelýän «Ýyl başy syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan, ý

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 22-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +3... +5° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Rahatlygyň daşy

Geliotrop — halsedonyň dury däl görnüşi bolup, ol goýy ýaşyl reňkde, ýüzünden açyk gyzyl reňkli gematit goşulmalary geçen mineraldyr. Daşyň ady adybir gül bilen baglanyşykly bolsa gerek. Gadymy golýazmalarda bu daş «beýik tumar» diýlip atlandyrylyp, ol Gadymy Müsürde gowy görülýän eken. Müsürliler bu daşy tumar edinseň, durmuşda ähli gapylaryň açylmagyna kömek edýändigine, islendik arzuwyň hasyl bolmagyna ýardam berýändigine ynanypdyrlar. Bu mineral daşy gadymy golýazmalaryň birinde şeýle sözler bilen şöhratlandyrylýar: «Dünýäde şundan uly tumar ýok, kimdir biri ony ýanynda göterse, isleg-arzuwlaryna ýeter; bu daş gaharyňy ýatyrýar, eýesiniň öňünde ähli gapylaryň açyk bolmagyna ýardam edýär».

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 21-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metr, wagtal-wagtal 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +3... +5° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Derek — tebigata mydam gerek

Bilermenleriň aýtmagyna görä, derek agajy köçedäki tozanyň, hapanyň we tüssäniň tas 70 göterimini täzeden işläp arassalaýar. Mysal üçin, köp ýaşan deregiň biri ýylyň her möwsüminde howany kyrk kilograma çenli tozandyr tüsseden, gurumdyr gazly galyndylardan arassalap bilýär. Derek agajynyň watany Merkezi Aziýa hasaplanýar. Ata-babalarymyz peýdaly taraplarynyň köpdügini göz öňünde tutup, derek agajyny giňden ekipdirler. Ol sowuga we yssa örän çydamlydyr. Üstesine-de, derek agajy tiz ösüp-ulalýar, berkeýär. Şonuň üçinem ir wagtlardan bäri gurluşyk maksatlarynda-da ony köp mukdarda ekmäge çalşypdyrlar. Bu bolsa adamlaryň özleri bilmezden tebigatyň arassalygyny yzygiderli sazlaşykda saklap durmagyny üpjün edipdir.

Hazarýaka sebitiň balykçylyk däp-dessurlary

Hormatly Prezidentimiz 13-nji ýanwarda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Hazaryň balyk awlanýan çägine baryp, bu ýerde balykçylar bilen duşuşdy hem-de balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Balykçylar özleriniň iş ýagdaýlary, awlaýan balyklary, olardan taýýarlanýan datly tagamlar barada Gahryman Arkadagymyza gürrüň berdiler hem-de özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerdir şertler üçin çuň ýürekden hoşallyk bildirdiler. Belli bolşy ýaly, Hazaryň kenarynda ýaşaýan ilat gadymy döwürlerden bäri balyk awçylygy bilen meşgullanyp gelýär, bu ýerde balyk awlamagyň özboluşly däp-dessurlary kemala gelendir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 20-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Bötendagyň gözelligi

Güneşli Diýarymyzyň uly kölleriniň biri bolan Sarygamyş kölüne barýan ýoluň çep tarapynda Gurbankem, Gyşgum, Goşahowuz ýaly çarwa obalary garagörnümden görünýän bolsa, onuň sag tarapynda 20 müň gektara uzap gidýän tokaý zolakly Bötendag belentligine gözüň düşýär. Ir döwürler derýanyň bulançak suwundan ganan bu toprak bagy-bossanly mekan bolupdyr. Soňra derýanyň öz akym ugruny üýtgetmegi bilen, bu ýerler çölüstana öwrülipdir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Atgyrlan ýaýlasy doly özleşdirilip, medeni zolaga öwrüldi. Bu ýerde birnäçe obalar döräp, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasyly öndürilýär. Atgyrlan ýaýlasyndan günbatarda, Amyderýanyň geçmişde Sarygamşyň üsti bilen Hazara guýýan döwründäki iki golunyň — Tünüderýanyň hem-de Derýalygyň aralygyny öz içine alýan Bötendag belentligi hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen uly özgerişe eýe boldy. Adam paýhasy bilen döredilen gudraty — tebigatyň ajaýyp gözelligini, al-ýaşyl öwsüp oturan düzlükleri synlaýyn diýseň Bötendaga baraýmaly. Mundan sanlyja ýyl öň hem çöllük bolup ýatan Bötendag belentliginde 20 müň gektar meýdanda sähra ösümlikleriniň täsin tokaýyny döretmäge girişildi. Indi, bu ýerleri görmäge göz, taryplamaga şirin söz gerek.

Ümür hakda kelam agyz

Pederlerimiziň döreden «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýen pähiminde çuň many bar. Gyş paslynda dürli howa hadysalaryna gözegçilik etmek mümkin, ygally günler bilen birlikde, ümürli günlere-de ýygy-ýygydan duş gelýäris. Ümür näme, ol nireden we nähili döreýär, näme üçin käbir ýerde şeýle dykyz ümür emele gelýär? Ümri emele getirýän bölejikler örän ujypsyz ululykda, ýagny bary-ýogy 0,001 millimetre golaý göwrümde bolýar. Dykyz ümrüň 1 sm³ göwrüminde ümür bölejikleriniň azyndan 1227 sanysy bolýar. Ümrüň emele gelmegi üçin howanyň düzümindäki çyglylyk doly suratda aýrylmalydyr we ol kondensirlenmelidir. Sowuk howa, maýyl howa ýaly, şeýle köp mukdardaky çygy özünde saklap bilmeýär. Haçan-da howa sowanda asman giňişliginde ümür peýda bolup başlaýar. Ümrüň döremegi üçin sowuk howa akymlarynyň täsirinde maýyl howa bilen garyşmagy zerurdyr. Şeýlelikde, sowuk howany maýyl howa bilen garyşdyrýan howa akymlary ümrüň döremegine sebäp bolýar.

Senenama ýöretmegiň taryhy hakynda

Paýhasly ýaşaýşyň döremegi netijesinde adamzat jemgyýetinde wagt hasabyny ýöretmek zerurlygy ýüze çykypdyr. Hakykatdan-da wagt hasabyny, ýagny, senenamalary ýöretmek ynsan durmuşynda iň möhüm we ähmiýetli ölçegleriň biridir. Ýeriň Günüň daşyndan edýän doly aýlawyna bir ýyl diýilýär. Öz gezeginde ýyl 12 aýa, bir aý 28-31 güne, her gün 24 sagada, bir sagat 60 minuda, ol bolsa 60 sekunda bölünýär. Ýeriň Günüň töwereginden doly aýlaw etmegi üçin gerek bolýan wagtyň tegelek sanlar däldigi wagty hasaplamagy biraz çylşyrymlaşdyrýar. Astronomiýa ylmy bilen meşgullanýan hünärmenler bir ýylyň 365 gün 5 sagat 48 minut 46 sekunda deňdigini hasaplapdyrlar. Şeýle çylşyrymly san ýyl hasabyny ýöretmekde kynçylyk döredipdir. Eger bir ýyl 365 gün diýlip hasaplanylsa, onda ýyllaryň dowamynda artyp galan sagatlar, minutlar, sekuntlar jemlenip, bir ýylda Ýeriň Günüň daşyndan aýlanyş wagtynyň alty sagada golaý ýalňyş hasaplanmagyna getirýär.

Çille gary

Çarwa hasaby boýunça türkmen gyşy noýabr aýynyň 22-sinden başlanýar. Ol fewral aýynyň 21-ine tamamlanyp, «togsan dolýar». Çarwalar gyşy garagyş, uly çille, kiçi çille we ahyrky garagyş diýip dört bölege bölýärler. Garagyş noýabr aýynyň 23-ünden dekabr aýynyň 7-sine çenli 15 gün dowam edýär. Garagyşa çenli hasyllar ýygnalyp, ýerler şüdügärlenýär. Uly çille dekabr aýynyň 8-inden ýanwar aýynyň 16-syna çenli 40 gün dowam edýär. Ol gyşyň örküji hasap edilýär. Gyşyň bu döwri sowuklygy, garly howasy bilen tapawutlanýar. Bu döwür, esasan hem, maldarçylykda jogapkärli möwsüm hasaplanylýar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, bu döwürde aýazly howanyň agdyklyk etmegi, ygalyň bollugy geljek hasylyň bol, bitginli bolmagyna ýardam edýändigine düşünipdirler. Bu babatda döredilen «Gyş suwy — gyzyl suw», «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz» diýen ýaly aňyrsynda uly many ýatan nakyllary döredipdirler.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 19-njy ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +4... +6° maýyl bolar. Basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Bag — sag­dyn­ly­ga he­ma­ýat

Türkmen topragynyň sahawatynyň hözirini görüp ýaşap, ata Watanymyzyň gün-günden gözelleşýän keşbini görmek, synlamak, gör, nähili ýakymly! Biz häzirki bagtyýar günlerimizde dogduk mekanymyzyň goýnunda baý hem keremli tebigatymyzdan uly güýç, ruhubelentlik alyp ýaşaýarys. Daş-töweregimiziň tebigatynyň bagy-bossanlyga öwrülmegi biziň her birimize güýç-gurbat berýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigy baýlyklary goramak, daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak, ekologiýa abadançylygyny kämilleşdirmek ugrunda juda uly işler durmuşa geçirilýär.

Iňňe balyk

Täsinliklere baý bolan tebigatyň ýene-de bir ajaýyp wekili hasaplanylýan pökgiýaňakly iňňe balygy (latynça, Syngnathus abaster) iňňeliler maşgalasyna degişli bolup, ol ylmy çeşmelerde «Kiçi iňňe balygy», «Italýan iňňe balygy» atlary bilen tanalýar. Pökgiýaňakly iňňe balygy Atlantika ummanynyň Ýewropa kenarýakalaryndaky aýlaglarda, Ortaýer, Gara, Azow deňizlerinde, Dunaý, Dnepr, Ural, Wolga derýalarynyň aşaky akymlarynda, Türkmenistanyň çäginde Hazar deňzinde giňden duş gelýär. Balygyň bu görnüşiniň bedeni inçeden gelen süýnmek bolup, uzynlygy adatça 15 santimetre, kähalatlarda bolsa 21 — 23 santimetre çenli ýetýär. Beýleki deňiz iňňeli balyklardan tapawutlylykda onuň iňňeleri gysga bolýar. Gözleri örän kiçijik. Bedeniniň reňki agymtyl ýa-da garamtyl nokatlary bolan goňur reňkden ýaşyl reňke çenli üýtgeýär. Bedenindäki kese zolaklary guýrugyna çenli dowam edýär. Pökgiýaňakly iňňe balygynyň ýüzgüçleri bolmaýar.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 19-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +4... +6° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Tebigaty goramak — geljegimizi goramak

Ýurdumyzda tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologik serişdelerini gaýtadan dikeltmek, atmosfera howasynyň hapalanmagyny peseltmek, çölleşmä garşy göreş alyp barmak, tokaý zolaklaryny giňeltmek, ekologiýa boýunça wagyz-nesihat etmek babatda maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Daşky gurşaw bize we biziň gündelik durmuşymyza uly täsir edýär. Tebigaty goramak adamzadyň ýaşaýşyny we geljegini goramakdyr. Daşky gurşaw — bu biziň iýmitimiz we agyz suwumyz. Howa biziň ýaşamagymyz üçin juda möhümdir. Şol sebäpden, daşky gurşawy gorap saklamak biziň sagdyn ýaşamagymyzyň kepilidir.

Täsin şarlawuk

Mähriban çagalar, dünýä jahankeşdeleriniň iň köp syýahat edýän ýerleriniň biriniň Niagara şarlawugydygyny bilýärsiňizmi? Dünýäniň iň täsin ýerleriniň biri bolan Niagara şarlawugy ABŞ-nyň we Kanadanyň aralygynda ýerleşýär. Üç bölekden durýan bu şarlawugyň ady «şapyrdaýan suw» diýlip terjime edilýär. Hakykatdan-da, onuň şapyrdap akýan sesi şarlawugyň özi görünmänkä eşidilip başlaýar, suw bugunyň emele getirýän bulutlary bolsa her bir myhmany şarlawugyň özünden öňürti garşylaýar.

Zeminiň ýaşyl zynaty

Hakykatdan-da, tebigatyň abadançylygyny gazanmak türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbi bolup, häzirki döwürde ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Güneşli ülkämizde daşky gurşawy goramak boýunça durmuşa geçirilýän dünýä nusgalyk işleriň hatarynda «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň» çäginde ýurdumyzy bagy-bossana öwürmek ugrundaky tagallalara uly orun degişlidir. Ýurdumyzy bagy-bossana öwürmekde, şäherlerimiziň seýilgählerini bezemekde, ilatly ýerleri abadanlaşdyrmakda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin ylmy esaslarda beýan edilýän agaçlaryň adaty sosna (Pinus silvestris), eldar sosnasy (Pinus eldarica), Gündogar tuýasy (Biota orientalis) ýaly görnüşleri aýratyn ähmiýete eýedir.