Tebigaty goramak — geljegimizi goramak

18 Ýanwar 2022
1500

Ýurdumyzda tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologik serişdelerini gaýtadan dikeltmek, atmosfera howasynyň hapalanmagyny peseltmek, çölleşmä garşy göreş alyp barmak, tokaý zolaklaryny giňeltmek, ekologiýa boýunça wagyz-nesihat etmek babatda maksadalaýyk işler alnyp barylýar.

Daşky gurşaw bize we biziň gündelik durmuşymyza uly täsir edýär. Tebigaty goramak adamzadyň ýaşaýşyny we geljegini goramakdyr. Daşky gurşaw — bu biziň iýmitimiz we agyz suwumyz. Howa biziň ýaşamagymyz üçin juda möhümdir. Şol sebäpden, daşky gurşawy gorap saklamak biziň sagdyn ýaşamagymyzyň kepilidir.

Alparslan BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.