Derek — tebigata mydam gerek

20 Ýanwar 2022
1749

Bilermenleriň aýtmagyna görä, derek agajy köçedäki tozanyň, hapanyň we tüssäniň tas 70 göterimini täzeden işläp arassalaýar. Mysal üçin, köp ýaşan deregiň biri ýylyň her möwsüminde howany kyrk kilograma çenli tozandyr tüsseden, gurumdyr gazly galyndylardan arassalap bilýär.

Derek agajynyň watany Merkezi Aziýa hasaplanýar. Ata-babalarymyz peýdaly taraplarynyň köpdügini göz öňünde tutup, derek agajyny giňden ekipdirler. Ol sowuga we yssa örän çydamlydyr. Üstesine-de, derek agajy tiz ösüp-ulalýar, berkeýär. Şonuň üçinem ir wagtlardan bäri gurluşyk maksatlarynda-da ony köp mukdarda ekmäge çalşypdyrlar. Bu bolsa adamlaryň özleri bilmezden tebigatyň arassalygyny yzygiderli sazlaşykda saklap durmagyny üpjün edipdir.

Begnazar REJEBOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.