Bars ýyly — bagt ýyly

22 Ýanwar 2022
2145

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýyl milli müçenama laýyklykda, bars ýyly. Gündogar halklarynda her on iki ýyldan bir müçe aýlanýan senenamanyň döreýşi barada dürli rowaýatlar, gyzykly ylmy maglumatlar bar. Şolaryň arasynda iň gadymkysy we mazmun taýdan hakykata has laýyk gelýäni XI asyrda ýaşap geçen Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» («Diwany lugat et türk») eserindäki rowaýat hasaplanýar. Onda şeýle diýilýär: «Irki döwürde hökümdarlaryň biri bolup geçen wakalaryň ýylyny hem senesini takyklamak isläp, hasap ýöredijilerden kanagatlanarly jogap alyp bilmändir. Kim wakanyň bolup geçen ýylyna ikirjiňlense, kimsi onuň paslynda ýa-da aýynda belli karara gelip bilmändir. Şondan soňra hökümdar geljekde wakalaryň ýyl, aý, gün senesinde ýalňyşmaz ýaly, 12 ýyldan bir gezek aýlanýan, her ýylyň 12 aýdan, her aýyň 30 günden ybarat bolan senenamasyny düzmegi tabşyrypdyr. Halk her ýylyň bir jandaryň ady bilen atlandyrylmagyny makullapdyr. Ýyllaryň gelşiniň yzygiderliligini kesgitlemek üçin bolsa senenama girizilmegi makul bilnen jandarlary bol suwly derýadan geçirmeli edipdirler. Ilkinji geçen syçan bolansoň, şol irki döwürden bäri, müçenamanyň başyny çekip gelmeli bolupdyr». Halk paýhasynda nesilden-nesle geçip gelýän «Ýyl başy syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan, ýylky, koý, bijin, takyk, it, doňuz, boldy tamam» diýen sanawaçda aýdylyşy ýaly, bars ýyly — gadymy müçenamanyň üçünji ýyly.

Bars biziň ruhy dünýämizde örän irki eýýamlardan bäri, uly hormata mynasyp bolup gelýär. Munuň şeýledigini anyk arheologik tapyndylardyr etnografik gymmatlyklar-da tassyklaýar. Etnografik barlaglaryň netijeleri ir eýýamlardan bäri, barsyň ylahy güýje eýedigine, onuň adatdan daşary kuwwatynyň bolsa ynsana rysgal-bereket, durmuşda tutanýerlilik, işjanlylyk bagyşlaýandygyna ynanylandygyny tassyklaýar. Bars ýylynda doglan ogluň batyr, merdana hem gaýduwsyz Watan goragçysy boljakdygyna berk ynanylýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf.