Çille gary

19 Ýanwar 2022
1107

Çarwa hasaby boýunça türkmen gyşy noýabr aýynyň 22-sinden başlanýar. Ol fewral aýynyň 21-ine tamamlanyp, «togsan dolýar». Çarwalar gyşy garagyş, uly çille, kiçi çille we ahyrky garagyş diýip dört bölege bölýärler. Garagyş noýabr aýynyň 23-ünden dekabr aýynyň 7-sine çenli 15 gün dowam edýär. Garagyşa çenli hasyllar ýygnalyp, ýerler şüdügärlenýär. Uly çille dekabr aýynyň 8-inden ýanwar aýynyň 16-syna çenli 40 gün dowam edýär. Ol gyşyň örküji hasap edilýär. Gyşyň bu döwri sowuklygy, garly howasy bilen tapawutlanýar. Bu döwür, esasan hem, maldarçylykda jogapkärli möwsüm hasaplanylýar.

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, bu döwürde aýazly howanyň agdyklyk etmegi, ygalyň bollugy geljek hasylyň bol, bitginli bolmagyna ýardam edýändigine düşünipdirler. Bu babatda döredilen «Gyş suwy — gyzyl suw», «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz» diýen ýaly aňyrsynda uly many ýatan nakyllary döredipdirler.

Serdar SOPYÝEW,
TOHI-niň mugallymy.