Iňňe balyk

18 Ýanwar 2022
1092

Täsinliklere baý bolan tebigatyň ýene-de bir ajaýyp wekili hasaplanylýan pökgiýaňakly iňňe balygy (latynça, Syngnathus abaster) iňňeliler maşgalasyna degişli bolup, ol ylmy çeşmelerde «Kiçi iňňe balygy», «Italýan iňňe balygy» atlary bilen tanalýar. Pökgiýaňakly iňňe balygy Atlantika ummanynyň Ýewropa kenarýakalaryndaky aýlaglarda, Ortaýer, Gara, Azow deňizlerinde, Dunaý, Dnepr, Ural, Wolga derýalarynyň aşaky akymlarynda, Türkmenistanyň çäginde Hazar deňzinde giňden duş gelýär.

Balygyň bu görnüşiniň bedeni inçeden gelen süýnmek bolup, uzynlygy adatça 15 santimetre, kähalatlarda bolsa 21 — 23 santimetre çenli ýetýär. Beýleki deňiz iňňeli balyklardan tapawutlylykda onuň iňňeleri gysga bolýar. Gözleri örän kiçijik. Bedeniniň reňki agymtyl ýa-da garamtyl nokatlary bolan goňur reňkden ýaşyl reňke çenli üýtgeýär. Bedenindäki kese zolaklary guýrugyna çenli dowam edýär. Pökgiýaňakly iňňe balygynyň ýüzgüçleri bolmaýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Hudaýberdi HANOW,
«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň işgäri.