Rahatlygyň daşy

21 Ýanwar 2022
1560

Geliotrop — halsedonyň dury däl görnüşi bolup, ol goýy ýaşyl reňkde, ýüzünden açyk gyzyl reňkli gematit goşulmalary geçen mineraldyr. Daşyň ady adybir gül bilen baglanyşykly bolsa gerek.

Gadymy golýazmalarda bu daş «beýik tumar» diýlip atlandyrylyp, ol Gadymy Müsürde gowy görülýän eken. Müsürliler bu daşy tumar edinseň, durmuşda ähli gapylaryň açylmagyna kömek edýändigine, islendik arzuwyň hasyl bolmagyna ýardam berýändigine ynanypdyrlar. Bu mineral daşy gadymy golýazmalaryň birinde şeýle sözler bilen şöhratlandyrylýar: «Dünýäde şundan uly tumar ýok, kimdir biri ony ýanynda göterse, isleg-arzuwlaryna ýeter; bu daş gaharyňy ýatyrýar, eýesiniň öňünde ähli gapylaryň açyk bolmagyna ýardam edýär».

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».