Hazarýaka sebitiň balykçylyk däp-dessurlary

20 Ýanwar 2022
975

Hormatly Prezidentimiz 13-nji ýanwarda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Hazaryň balyk awlanýan çägine baryp, bu ýerde balykçylar bilen duşuşdy hem-de balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Balykçylar özleriniň iş ýagdaýlary, awlaýan balyklary, olardan taýýarlanýan datly tagamlar barada Gahryman Arkadagymyza gürrüň berdiler hem-de özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerdir şertler üçin çuň ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Belli bolşy ýaly, Hazaryň kenarynda ýaşaýan ilat gadymy döwürlerden bäri balyk awçylygy bilen meşgullanyp gelýär, bu ýerde balyk awlamagyň özboluşly däp-dessurlary kemala gelendir.

Gülälek HANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.