Bötendagyň gözelligi

19 Ýanwar 2022
1007

Güneşli Diýarymyzyň uly kölleriniň biri bolan Sarygamyş kölüne barýan ýoluň çep tarapynda Gurbankem, Gyşgum, Goşahowuz ýaly çarwa obalary garagörnümden görünýän bolsa, onuň sag tarapynda 20 müň gektara uzap gidýän tokaý zolakly Bötendag belentligine gözüň düşýär. Ir döwürler derýanyň bulançak suwundan ganan bu toprak bagy-bossanly mekan bolupdyr. Soňra derýanyň öz akym ugruny üýtgetmegi bilen, bu ýerler çölüstana öwrülipdir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Atgyrlan ýaýlasy doly özleşdirilip, medeni zolaga öwrüldi. Bu ýerde birnäçe obalar döräp, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasyly öndürilýär.

Atgyrlan ýaýlasyndan günbatarda, Amyderýanyň geçmişde Sarygamşyň üsti bilen Hazara guýýan döwründäki iki golunyň — Tünüderýanyň hem-de Derýalygyň aralygyny öz içine alýan Bötendag belentligi hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen uly özgerişe eýe boldy. Adam paýhasy bilen döredilen gudraty — tebigatyň ajaýyp gözelligini, al-ýaşyl öwsüp oturan düzlükleri synlaýyn diýseň Bötendaga baraýmaly. Mundan sanlyja ýyl öň hem çöllük bolup ýatan Bötendag belentliginde 20 müň gektar meýdanda sähra ösümlikleriniň täsin tokaýyny döretmäge girişildi. Indi, bu ýerleri görmäge göz, taryplamaga şirin söz gerek. Bu künjekde ýaplaryň, çilleriň çekilip, ýerleriň pellere, atyzlara bölünmegi we suwuň barmagy netijesinde sazakdyr selin, gandymdyr çerkez ýaly birnäçe pürli we saýaly ösümlikleri belentligiň gözelligini has-da artdyryp, ajaýyp tokaý zolagyny emele getirýär.

Parahat MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.