Senenama ýöretmegiň taryhy hakynda

19 Ýanwar 2022
913

Paýhasly ýaşaýşyň döremegi netijesinde adamzat jemgyýetinde wagt hasabyny ýöretmek zerurlygy ýüze çykypdyr. Hakykatdan-da wagt hasabyny, ýagny, senenamalary ýöretmek ynsan durmuşynda iň möhüm we ähmiýetli ölçegleriň biridir.

Ýeriň Günüň daşyndan edýän doly aýlawyna bir ýyl diýilýär. Öz gezeginde ýyl 12 aýa, bir aý 28-31 güne, her gün 24 sagada, bir sagat 60 minuda, ol bolsa 60 sekunda bölünýär. Ýeriň Günüň töwereginden doly aýlaw etmegi üçin gerek bolýan wagtyň tegelek sanlar däldigi wagty hasaplamagy biraz çylşyrymlaşdyrýar. Astronomiýa ylmy bilen meşgullanýan hünärmenler bir ýylyň 365 gün 5 sagat 48 minut 46 sekunda deňdigini hasaplapdyrlar. Şeýle çylşyrymly san ýyl hasabyny ýöretmekde kynçylyk döredipdir. Eger bir ýyl 365 gün diýlip hasaplanylsa, onda ýyllaryň dowamynda artyp galan sagatlar, minutlar, sekuntlar jemlenip, bir ýylda Ýeriň Günüň daşyndan aýlanyş wagtynyň alty sagada golaý ýalňyş hasaplanmagyna getirýär.

(Metbugat materiallary esasynda taýýarlanyldy).