"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Ylýas (He­ka­ýa)

Lew TOLSTOÝ,rus ýazyjysy Ufim gu­ber­ni­ýa­syn­da Yl­ýas at­ly bir baş­gyrt bar­dy. Ka­ka­sy ony öýe­ren­den soň, azow­lak do­war he­mem gara mal gal­dyr­dyda, dün­ýä­si­ni tä­ze­le­di. Şol wagt­lar Yl­ýa­syň ga­py­syn­da ýe­di sa­ny baý­ta­ly, iki syg­ry he­mem ýig­ri­mä go­laý goý­ny bar­dy. Ýö­ne Yl­ýas baý­ly­ga ym­ty­lyp, ir er­tir­den gi­jag­şa­ma çen­li zäh­met çek­di, äh­li ki­şi­den ir tu­rup, hem­me­den soň ýat­dy he­mem ýylýyl­dan ba­ýa­mak bi­len bol­dy. Yl­ýas şu­nuň ýa­ly dur­muş­da otuz bäş ýyl ýa­şap, sü­risü­ri ma­la eýe bol­dy, ul­la­kan mülk edin­di.

Na­mys­jaň adam (He­ka­ýa)

An­ton ÇE­HOW,rus ýa­zy­jy­sy Bu waka täjir Sinerylowyň toýunda boldy.

Ta­ra­sow (He­ka­ýa)

Bo­ris ÝE­KI­MOW,rus ýa­zy­jy­sy 1

Söh­bet­deş­le­riň di­lin­den ýa­zy­lyp al­nan gyzykly hekaýatlar

Abu Aly Muhassin Tanuhy Abu Aly Muhassin Tanuhynyň «Söhbetdeşleriň dilinden ýazylyp alnan gyzykly hekaýatlar» ( Bu eser awtor tarapyndan arap dilinde «Nişwar al-muhadara we ahbar al-muzakere» diýlip atlandyrylypdyr. Bu ady türkmen diline göni terjime etmek mümkin däldir. Şonuň üçin hem onuň umumy manysyndan ugur alyp, bu eseri türkmen dilinde «Söhbetdeşleriň dilinden ýazylyp alnan gyzykly hekaýatlar» diýip atlandyrmagy makul bildik.) atly eseri arap prozasynyň taryhynda görnükli orun eýeleýär. Tanuhy «adab edebiýatynyň» ( Ýeňil okalýan we gyzykly edilip ýazylan hem-de musulmanlary gowy edim-gylymly edip terbiýelemäge niýetlenilen eserler «adab edebiýatyny» emele getiripdir.) däbinden örküni üzmezden öz häsiýeti boýunça ýokary gatlagyň ylymly-bilimli wekilleri tarapyndan döredilýän prozadan hem, halk döredijiligine mahsus halk prozasyndan hem tapawutlanýan özboluşly nowella edebi görnüşini esaslandyrypdyr.

Jadyly şygryýetiň ussady

Eujenio Montale, italýan şahyry  (1896 — 1981) Ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy:1975

Plutoniýa (Ro­man)

Wladimir OBRUÇEW,rus ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Serse­pil Bal­ta­zar (Ro­man)

Amin MAALUF,fransuz-liwan ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Faraon (Ro­man)

Boleslaw PRUS,polýak ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Ak­ko­dan ta­py­lan ga­dy­my gol­ýaz­ma (Ro­man)

Paulo KOELÝO, brazil ýazyjysy (Do­wa­my. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sa­nyn­da).

Dur­muş­dan yl­ham alyp

Jim RON,ýazyjy, publisist (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Söý­gi­niň on sy­ry

Adam JEKSON (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Ýa­şa­ýyş ýeň­len ýe­riň­den baş­lar

Miraç Çagri AKTAŞ,türk ýazyjysy «Utulanyňda däl, synanyşmakdan          ýüz öwreniňde ýeňlersiň»

Şu ki­ta­by okap görüň, mugallym!

(Soňy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sa­nlaryn­da). 43. Endikleriň kömekçisi

Ter­ji­me­çi­den

Kitabyň başyndan bäri okap gelýän bolsaňyz (ol žurnalyň geçen ýyldaky ikinji sanyndan çap edilip başlandy), ilkinji sözlemi «Ähli zat Osman mugallym bilen baglanyşykly başlandy» diýýändir. Meniň hem şeýle başlasym gelýär: ähli zat žurnaldaky terjimeleriň birini okamakdan başlandy. Hemişeki endigime görä, agşamky gezelençden soň «Türkmenmetbugata» göz gezdirip otyrkam, «Dünýä edebiýatyndaky» bir terjimede eglenenimi özüm hem duýman galypdyryn. Çeper eser däldi, üstünlige ruhlandyryjy eserdi. Eseriň terjimeçisini tanaýandygym üçin wagtyň giç bolandygyna garamazdan, jaň edip, gowy terjime üçin ony gutladym. Ol bolsa terjime bilen özümiň hem meşgullanyp görmegimi, eger göwnesem, özünde gowy kitaplaryň kändigini aýtdy. Bu barada käte-käte özüm hem pikir edýärdim. Ýöne orta mekdepden galam ýöredip, indi 10 ýyldan bäri şondan çörek iýip gelýän hem bolsam, şygryýetde poema, kyssada powestdir roman ýazmakdan hem uly eserleri terjime etmekden ýaýdanýardym. Gowy terjimesi bilen görelde görkezen kärdeşimiň sözleri ganatlandyran ýaly bolaýdy. Garaz, birki gün geçip-geçmän, elektron salgyma türkiýeli mugallym Hasan Ýylmazyň «Şu kitaby okap görüň, mugallym!» («Öğretmenim, lütfen bu kitabı okur musun!») atly kitaby geldi.

Dur­mu­şy tym­sal­lar

SEN BIRAZ ÝOKARY GAL, DÜNÝÄNI GÖRERSIŇ... Bir topar adam bahar paslynda seleň sähralyga gezelenje çykypdyrlar. Sähranyň al-elwan gülleri, ot-çöpleriň melhemlik hoşboý yslary göwnüňi göterýän ekeni. Onsoň olar günortanlyk edinmek üçin saçagyň başyna ýygnanypdyrlar. Olaryň arasynda biri diýseň uzyn boýly ekeni. Aýbogdaşyny gurap oturanynda hem beýlekilerden saýlanyp durmyşyn. Ýoldaşlarynyň biri oňa degşip: «Hany, ýene aşak in, nahar iýersiň» diýipdir. Uzyn boýly adam bu sözlere darykmandyr, gaýta: «Gowusy, sen biraz ýokary gal, dünýäni görersiň» diýipdir.

Kitaby molbert edinen su­rat­keş­ler

«Munuň kitap bolaýşyny — diýip, Alisa içini hümletdi. — Içinde ne surat bar, ne-de gepleşik...»Lýuis Kerrol — «Alisa täsinlikler dünýäsinde» Iňlis ýazyjysy hem matematik alym Lýuis Kerrolyň «Alisa täsinlikler dünýäsinde» atly ertekisiniň baş gahrymany — ady kitabyň sahabyna çykarylan Alisa şu sözleri aýtmak bilen, içinde hiç hili surat bezegi bolmadyk kitaplary bir püçek edip goýýar. Zehinli suratkeşiň göz öňüne getirijilik ukyby bilen döredilen üýtgeşik suratlaryň islendik neşire özboluşly bezeg berýändigi ikuçsuz. Suraty çeken şahsyýet ussat hökmünde ykrar edilen halatynda-ha, kitaplar asla-da diňe onuň awtorynyň däl, belli bir derejede ony bezän suratkeşiň hem eseri hasaplanyp başlaýar.

Arhip Kuinji (1841 – 1910)

Asly urum-greklerinden bolan suratkeş Arhip Iwanowiç Kuinji (doglanda familiýasy – Kuýumjy) 1841-nji ýylda Rus imperiýasynda dünýä indi. Ol ir ýetim galyp, kakasynyň hossarlarynda terbiýelenipdir, çagalykdan işläp, gazanç etmeli bolupdyr.

Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,12% ses berdi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 91,74%, Balkan welaýatynda 91,49%, Daşoguz welaýatynda 90,94%, Lebap welaýatynda 91,17%, Mary welaýatynda 90,87%, Aşgabat şäherinde 90,91% ses berdiler.

Saýlawlar — 2023: ses berlişik pellehana ýakynlaýar

Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakanyň — Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary pellehana ýakynlaýar. Saýlawlaryň tamamlanmagyna iki sagat galanda saýlawçylaryň ortaça hasap bilen 83 göterimi ses berdi. Statistika maglumatlaryna laýyklykda, sagat 17:00-a çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 83,88 göterimi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 84,08 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 83,79 göterimi ses berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 15-e çenli

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 15-e çenli saýlawçylaryň 74,48% ses berdi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 76,43%, Balkan welaýatynda 75,25%, Daşoguz welaýatynda 72,82%, Lebap welaýatynda 72,45%, Mary welaýatynda 75,03%, Aşgabat şäherinde 76,95% ses berdiler.