Dur­mu­şy tym­sal­lar

31 Mart 2023
618

SEN BIRAZ ÝOKARY GAL, DÜNÝÄNI GÖRERSIŇ...

Bir topar adam bahar paslynda seleň sähralyga gezelenje çykypdyrlar. Sähranyň al-elwan gülleri, ot-çöpleriň melhemlik hoşboý yslary göwnüňi göterýän ekeni. Onsoň olar günortanlyk edinmek üçin saçagyň başyna ýygnanypdyrlar. Olaryň arasynda biri diýseň uzyn boýly ekeni. Aýbogdaşyny gurap oturanynda hem beýlekilerden saýlanyp durmyşyn. Ýoldaşlarynyň biri oňa degşip: «Hany, ýene aşak in, nahar iýersiň» diýipdir. Uzyn boýly adam bu sözlere darykmandyr, gaýta: «Gowusy, sen biraz ýokary gal, dünýäni görersiň» diýipdir.

Terjime eden Dilber MUDAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallymy