Abu Aly Muhassin Tanuhy
Abu Aly Muhassin Tanuhynyň «Söhbetdeşleriň dilinden ýazylyp alnan gyzykly hekaýatlar» ( Bu eser awtor tarapyndan arap dilinde «Nişwar al-muhadara we ahbar al-muzakere» diýlip atlandyrylypdyr. Bu ady türkmen diline göni terjime etmek mümkin däldir. Şonuň üçin hem onuň umumy manysyndan ugur alyp, bu eseri türkmen dilinde «Söhbetdeşleriň dilinden ýazylyp alnan gyzykly hekaýatlar» diýip atlandyrmagy makul bildik.) atly eseri arap prozasynyň taryhynda görnükli orun eýeleýär. Tanuhy «adab edebiýatynyň» ( Ýeňil okalýan we gyzykly edilip ýazylan hem-de musulmanlary gowy edim-gylymly edip terbiýelemäge niýetlenilen eserler «adab edebiýatyny» emele getiripdir.) däbinden örküni üzmezden öz häsiýeti boýunça ýokary gatlagyň ylymly-bilimli wekilleri tarapyndan döredilýän prozadan hem, halk döredijiligine mahsus halk prozasyndan hem tapawutlanýan özboluşly nowella edebi görnüşini esaslandyrypdyr.